TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI DÖWLET DOLANDYRYŞY MESELELERINE BAGYŞLANAN II HALKARA YLMY-AMALY MASLAHATYNA GATNAŞDY
2025-nji ýylyň 6-7-nji noýabrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň rektory A.Annamyradowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti döwlet dolandyryşy meselelerine bagyşlanan II halkara ylmy-amaly maslahatynyň işine gatnaşdy. Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Russiýanyň halk hojalygy we döwlet gullugy akademiýasy tarapyndan guralan bu çärä dünýäniň 7 ýurdundan 3 müň adam gatnaşdy.
Maslahatyň dowamynda dolandyryş çözgütlerini kabul etmek işine ylmy barlaglaryň we öňdebaryjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy bilen baglanyşykly möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmak, alymlaryň, döwlet gullukçylarynyň we telekeçilik ulgamynyň wekilleriniň arasynda tejribe we iň gowy gazananlary alyşmak boldy, şeýle hem häkimiýet edaralary üçin işgärleri taýýarlamak ulgamyny kämilleşdirmek hem-de ylym bilen döwletiň arasyndaky özara gatnaşyklaryň gurallaryny ösdürmek boýunça teklipler işlenip düzüldi.
“Döwlet dolandyryşyň ählumumy ösüş ugurlary hem-de iň gowy tejribeleri” atly umumy mejlisde çykyş etmek bilen, A.Annamyradow Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň işi barada giňişleýin gürrüň berdi. Bu ýerde ýolbaşçy işgärleri we döwlet gullukçylaryny taýýarlamak, gaýtadan taýýarlamak, olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak hem-de döwrüň talaplaryna laýyklykda hünärini kämilleşdirmek üçin zerur bolan ähli şertler döredilen.
7-nji noýabrda A.Annamyradow bilen Russiýanyň Prezident akademiýasynyň rektory A.Komissarowyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Hereket edýän hyzmatdaşlyk etmek hakynda ikitaraplaýyn ylalaşygyň ähmiýetini nygtamak bilen, taraplar Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň döwlet gullukçylarynyň we işgär ätiýaçlyklarynyň goşmaça hünär bilimi boýunça bilelikdäki bilim maksatnamalaryny durmuşa geçirmek, mugallymlaryň hünär taýýarlygynyň derejesini ýokarlandyrmak hem-de bilelikdäki ylmy barlaglary geçirmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.