MOSKWANYŇ «DUTARYŇ OWAZY» ATLY IX HALKARA SUNGAT FESTIWALYNYŇ JEMLEÝJI ÇÄRELERI GEÇIRILÝÄR
2025-nji ýylyň 3-nji noýabrynda Moskwanyň Nury Halmämmedow adyndaky «Dutaryň owazy» IX halkara sungat festiwalynyň çäklerinde Russiýanyň Çeperçilik akademiýasynyň «Zurab Sereteli sungat galereýasy» muzeý-sergi toplumynda gala-konsert hem-de festiwalyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi.
Festiwal Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, şeýle-de Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňişiň 80 ýyllygy mynasybetli geçirilýär.
Dabaraly çärä Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Ilçihanasynyň işgärleri, rus döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň wekilleri, orta we ýöriteleşdirilen okuw mekdepleriniň okuwçylary, ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, Moskwa şäheriniň köp sanly ýaşaýjylary we myhmanlary, şeýle hem KHBS-iň wekilleri gatnaşdylar.
Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Ilçisi E.Aýdogdyýew özüniň gutlag sözünde Moskwanyň «Dutaryň owazy» atly IX halkara sungat festiwalynyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň hem-de Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňişiň 80 ýyllygynyň bellenilýän ýyly bolan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna geçirilmeginiň aýratyn mana eýedigini nygtady. Çünki sazandanyň elinde dutar diňe bir saz guraly bolman, eýsem saz arkaly islendik päsgelçilikleri ýeňip geçip boljakdygyny gürrüň berýän parahatçylygyň ýol görkezijisine öwrülýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly kitabynda aýdym-sazyň parahatçylyk dörediji güýji barada aýtmak bilen, şeýle belleýär: «Häzir, syýasy nukdaýnazardan çylşyrymly döwürde biz dünýä ýüzünde «Sungat dawadan üstün çykýar, dutar bolsa, ýaragdan rüstem gelýär» diýen düşünjäni aňynda berkiden millet hökmünde çykyş edýäris. Hut şonuň üçin men «bitaraplyk» diýenimde, gözlerimiň alnynda Şükür bagşynyň eli dutarly keşbi janlanýar».
Festiwalynyň sungat müdiri, kompozitor M.Guseýnowyň ýolbaşçylygyndaky eminler toparyna «Wokal sungaty», «Fortepiano», «Üflenip çalynýan saz gurallary», «Kirişli saz gurallary, gitara we halk orkestriniň saz gurallary» ýaly ugurlar boýunça bilermenler goşuldy.
Şu ýyl Türkmenistandan, Russiýa Federasiýasyndan, Hytaý Halk Respublikasyndan, Özbegistandan we Gwatemaladan ýüzden gowrak adam festiwala gatnaşmaga isleg bildirdi.
Türkmenistandan festiwala ýurdumyzyň çagalar sungat mekdepleriniň, Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň okuwçylary, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplary we Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň sazandalary gatnaşdylar.
Tomaşaçylar festiwalyň ýeňijilerini şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar. Ýeňijilere diplomlar we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Festiwalyň çäklerinde 27-nji oktýabrda Russiýanyň Döwlet kitaphanasynda utgaşykly görnüşde «Urşuň keşbi sungatyň aýnasynda» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Foruma Russiýanyň öňdebaryjy döredijilik ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary, şeýle hem Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň we Türkmen döwlet medeniýet institutynyň wekilleri gatnaşdylar. Maslahat geljekki nesiller üçin taryhy hakydany gorap saklamak, gahrymançylyk, watançylyk we dostluk ýaly düşünjeleri kemala getirmek üçin düýpli täze çemeleşmeleri işläp düzmek meselelerine bagyşlanyldy.
29-njy we 30-njy oktýabrda sazandalaryň gözden geçirilişi hem-de «Söz älemi» atly çeper okaýyş bäsleşigi geçirildi. Maksatnamanyň bu böleginde milli-medeni däplere esaslanýan akademiki sazlary ýerine ýetirmäge aýratyn üns berildi.
Çäreler tapgyry 6-14-nji noýabr aralygynda Russiýanyň Döwlet kitaphanasynyň Gündogar edebiýaty merkezinde geçiriljek «Parahatçylyk öwüşgüni» atly çeperçilik sergisi bilen tamamlanar.
Her ýyl «Dutaryň owazlary» festiwaly Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň pugtalanmagyna ýardam berýän möhüm medeni waka hökmündäki ähmiýetini tassyklaýar.