MOSKWA ŞÄHERINDE TÜRKMENISTANYŇ GARAŞSYZLYGYNYŇ 34 ÝYLLYGYNA, HEMIŞELIK BITARAPLYGYMYZYŇ 30 ÝYLLYGYNA HEM-DE TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ NETIJELERINE BAGYŞLANAN BRIFING GEÇIRILDI

2025-nji ýylyň 30-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Ilçihanasynda möhüm senelere – Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygyna, hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygyna we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň netijelerine bagyşlanan brifing geçirildi.
Brifinge köpçülikleýin habar berş serişdleriniň Russiýadaky türkmen diasporasynyň wekilleri, şeýle hem Russiýa Federasiýasynyň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan türkmen talyplary gatnaşdylar.
Çärä gatnaşyjylar Türkmenistanyň garaşsyz we özygtyýarly ösüşiniň 34 ýylynda gazanylan üstünlikler, şeýle hem ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyndaky we halkara gatnaşyklaryndaky möhüm wakalar bilen tanyşdyryldy.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji mejlisinde eden çykyşynyň dowamynda öňe süren giň gerimli halkara başlangyçlarynyň ähmiýeti bellenildi.
Brifingiň dowamynda ýygnananlara 2025-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda Aşgabat şäherinde geçirilen halk häkimiýetiniň iň ýokary wekilçilikli edarasy bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň netijeleri barada maglumat berildi.
Strategiki ähmiýete eýe bolan “Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak syýasatynyň hukuk esaslary hakynda” Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň ähmiýetine aýratyn üns berildi.
Möhüm şanly wakalaryň – Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 30 ýyllygynyň we Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 80 ýyllygynyň utgaşyp gelmeginiň 2025-nji ýylyň ähmiýetini has-da artdyrýandygy bellenildi.
Çärä gatnaşanlara Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasynbetli şu ýylyň dekabrynda Aşgabat şäherinde geçiriljek Halkara forum barada hem maglumat berildi.
Myhmanlar Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň kitaplary we Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň eserleri bilen tanyşmaga mümkinçilik aldylar.
Brifingiň çäklerinde Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünliklerine, ýeten sepgitlerine bagyşlanyp surat sergisi hem-de wideoýazgynyň görkezilişi hem guraldy.