MOSKWA ŞÄHERINDE HALKARA MAGLUMAT HOWPSUZLYGYNY ÜPJÜN ETMEK UGRUNDAKY HYZMATDAŞLYGYŇ MESELELERI ARA ALYP MASLAHATLAŞYLDY

2025-nji ýylyň 16-njy sentýabrynda Moskwa şäherinde halkara maglumat howpsuzlygy mowzugy boýunça türkmen-rus daşary işler ministrlikleriniň arasynda geňeşmeler geçirildi.
Duşuşyk şu ýylyň iýunynda gol çekilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2025-2026-njy ýyllarda hyzmatdaşlyk etmegiň maksatnamasyny iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň çäklerinde guraldy.
Geňeşmeleriň gün tertibi Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky halkara maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek ugrundaky ikitaraplaýyn we sebitleýin hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň toplumyny öz içine aldy. Ugurdaş global hem-de sebit meýdançalarynda ýurtlaryň çemeleşmelerini utgaşdyrmagyň möhümdigi nygtaldy. Emeli aň meselesine aýratyn üns berildi.
***
Şol gün Türkmenistanyň wekiliýeti Russiýanyň DIM-iň Diplomatik akademiýasynda geçirilen «Döwletiň, işewürligiň we raýat jemgyýetiniň halkara maglumat howpsuzlygyny üpjün etmekdäki hyzmatdaşlygy» atly XIX halkara forumynyň işine gatnaşdy.
Forum umumy mejlis we dört sany mowzuklaýyn bölümçe görnüşinde geçirilýär. Çäräniň dowamynda dünýäniň öňdebaryjy hünärmenleri maglumat howpsuzlygy ulgamyndaky möhüm meseleler barada pikir alyşýarlar we tejribeleri bilen paýlaşýarlar.
Forum öz işini 18-nji sentýabra çenli dowam eder.