GDA-NYŇ ÝERINE ÝETIRIJI KOMITETI “AMUL – HAZAR 2018” AWTORALLISINE GÖRÜLÝÄN TAÝÝARLYK BILEN TANYŞDYRYLDY

Minsk şäherinde GDA-nyň Ýerine ýetiriji komiteti GDA agza döwletleriniň hemişelik wekilleriniň Geňeşiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanda “Amul-Hazar 2018” (Turkmen Desert Race) halkara awtorallisine görülýän taýýarlyk bilen tanyşdyryldy.

GDA agza döwletleriniň hemişelik doly ygtyýarly wekilleri Halkara awtomobil federasiýasynyň (FIA) sport gündeligine goşulan täze ralli bilen, Türkmenistanyň sport ulgamyndaky üstünlikleri bilen we Türkmenistanda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmeklige gönükdirilen ulgamlaýyn özgertmeler bilen tanyş boldular.

Tanyşdyryş dabarasynyň dowamynda gatnaşyjylara rallini geçirmek boýunça belli hünärmenler we kompaniýalar bilen bilelikde alnyp barylýan ulgamlaýyn taýýarlyk işleriniň barşy barada jikme-jik maglumar ýetirildi we wideo şekiller görkezildi. Mejlise gatnaşyjylar Türkmenistanyň dünýäniň ösen sport döwletleriniň hataryna goşulmak üçin edýän tagallalaryna ýokary baha berdiler we “Amul-Hazar 2018” halkara awtorallisine uly üstünlikler arzuw etdiler.