ÝHHG-NYŇ OKUW MASLAHATYNDA HUKUK GORAÝJY EDARALARYŇ IŞGÄRLERINIŇ PROFESSIONAL DOGRUÇYLLYK WE ETIKA KADALARY MESELELERINE GARALDY

2018-nji ýylyň 12-13-nji iýulynda Aşgabatda ÝHHG-nyň Merkezi tarapyndan gurnalan «Hukuk goraýjy edaralarynda professional abraý we etika kadalary» atly okuw maslahaty geçirildi. Bu çärä Milli howpsuzlyk, Içeri işler, Adalat we Goranmak ministrlikleriniň, Ýokary kazyýetiň, Ykdysady jenaýatlara garşy göreş boýunça Döwlet  gullugynyň, Döwlet migrasiýa gullugynyň we beýleki hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleri gatnaşdylar.

ÝHHG-nyň Aşgabatdaky Merkezi bu okuw maslahaty hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleriniň professional dogruçyllygyň ölçeglerini has gowy düşündirmek we özüňi alyp barmagyň etiki kadalaryny görkezmek maksady bilen geçirdi.

Iki günlük maslahat ÝHHG-nyň ykdysady we ekologiýa işleri boýunça Utgaşdyryjysynyň Edarasynyň hünärmenleri we halkara bilermenler, ÝHHG-nyň Sekretariatynyň gender meseleleri boýunça Bölümi we ÝHHG-nyň Serbiýadaky wekilhanasy tarapyndan geçirildi. Maslahatyň çäklerinde korrupsiýa garşy göreşmek we onuň öňüni almak ulgamynda halkara standartlary we başlangyçlar, hukuk goraýjy edaralaryň etika kodeksi we bu düzümlerde galplygy we korrupsiýany ýüze çykarmagyň usullary ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

«Hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleriniň hünär-ahlak kuwwaty – munuň özi olaryň jenaýatçylyga we korrupsiýa garşy göreşmek ukybyny, özleriniň gündelik işlerinde bu wehimlere  we borjy, jogapkärçiligi, abraýy we professional mertebäni gowşadýan täsirlere garşy durmagy başarmagy aňladýar», diýip, ÝHHG-nyň Aşgabatdaky Merkeziniň baştutany, Ilçi Natalýa Drozd belläp geçdi.

Maslahata gatnaşyjylar korrupsiýanyň görnüşlerine garadylar we usulyýet sapaklarynda toparlarda hukuk goraýjy edaralarynda korrupsiýa bilen baglanyşykly mysallary we döwlet düzümlerinde ýüze çykýan dawaly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Öz gezeginde halkara bilermenler hukuk goraýjy edaralarynda dogruçyllygyň we içki kontrolyň berkitmegiň wajypdygyny bellediler.