MOSKWA ŞÄHERINDE GDA-NYŇ YKDYSADY GEŇEŞINIŇ ÝANYNDAKY YKDYSADY MESELELER BOÝUNÇA TOPARYŇ NOBATDAKY MEJLISI GEÇIRILDI

2025-nji ýylyň 23-nji iýulynda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Ilçihanasynyň işgärleri Moskwa şäherinde geçirilen GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň ýanyndaky Ykdysady meseleler boýunça toparyň mejlisiniň işine gatnaşdylar.
Mejlisde GDA gatnaşyjy ýurtlaryň ykdysady hyzmatdaşlygynyň birnäçe meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşygyň dowamynda 2030-njy ýyla çenli döwür üçin GDA-nyň Ykdysady ösüş strategiýasynyň ikinji tapgyryny (2026–2030ýý.) durmuşa geçirmek boýunça Çäreleriň meýilnamasynyň taslamasyna aýratyn üns berildi.
Mundan başga-da, mejlise gatnaşyjylar maglumat jemgyýetini we sanly ykdysadyýeti ösdürmek, esasy intermodal ulag geçelgelerini sanlylaşdyrmak, ylmy-tehnologiki ösüş, 2026-njy ýylda GDA-da Saglygy goramak ýylyny geçirmek we beýleki ugurlara degişli resminamalaryň taslamalaryna garadylar.
Toparyň nobatdaky mejlisi 2025-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda geçiriler.