TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI ASTANADA GDA GATNAŞYJY ÝURTLARYŇ DÖREDIJILIK WE YLMY INTELLIGENSIÝASYNYŇ XIII FORUMYNA GATNAŞÝAR

2018-nji ýylyň 19-njy iýunynda Astanada Gazagystan Respublikasynyň Milli muzeýinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy ýurtlaryň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XIII forumy işläp başlady. Oňa Türkmenistanyň wekiliýeti hem gatnaşýar. “GDA-nyň çäklerinde gatnaşyklar — XXI asyrda ynsanperwer hyzmatdaşlygyň geljegi” her ýyl geçirilýän duşuşygyň esasy meselesi boldy.

GDA döwletleriniň ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň Döwletara gaznasynyň goldaw bermeginde guralan çäre görnükli medeniýet, ylym we bilim işgärlerini, döwlet düzümleriniň, halkara guramalarynyň hem-de Arkalaşygyň ýurtlarynyň jemgyýetçilik birleşikleriniň ýolbaşçylaryny, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerini bir ýere jemledi.

Forumyň işine Azerbaýjandan, Ermenistandan, Belarusdan, Gyrgyzystandan, Moldowadan, Russiýa Federasiýasyndan, Täjigistandan, Türkmenistandan we Özbegistandan 200-den gowrak adam gatnaşdy.

Forumyň öňüsyrasynda çärä gatnaşyjylar üçin sergi ýaýbaňlandyryldy. Ol gazak halkynyň taryhy, özboluşly medeniýeti we häzirki zaman gazananlary, şu ýyl özüniň 20 ýyllygyny belleýän Astananyň döreýşi hem-de ösüşiniň meýilnamalary bilen tanyşdyrýar.

Açylyş dabarasynda iri forumyň maslahat meýdançalarynda duşuşyp, GDA ýurtlarynyň medeniýet we ylym-bilim jemgyýetçiliginiň hünär taýdan gönüden-göni gatnaşyk etmäge hem-de ynsanperwer ulgamda möhüm taslamalary goldamaga mümkinçilige eýe bolýandygy bellenildi.

Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň halkara medeni hyzmatdaşlyk boýunça ýörite wekili, Ynsanperwer hyzmatdaşlygyň döwletara gaznasynyň müdiriýetiniň başlyklarynyň biri Mihail Şwydkoý Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň duşuşyga gatnaşyjylara Ýüzlenmesini okady.

Öz nobatynda, GDA gatnaşyjy döwletleriň ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň Döwletara gaznasynyň müdiriýetiniň başlygy Polat Bilbil ogly ösüşlere beslenen pikirleri öňe ilerletmek hem-de milletara gatnaşyklary ösdürmek üçin ajaýyp gural hökmünde häzirki forumyň oňyn häsiýetini nygtady.

Umumy mejlisiň çäklerinde, şeýle hem “Arkalaşygyň 2019-njy ýylda medeni paýtagty — Brest şäheri, Belarus Respublikasy” diýen tanyşdyrylyş guraldy.

Günüň ikinji ýarymynda “GDA-da Medeniýetara gatnaşyklary — medeniýet, ylym, bilim üçin täze mümkinçilikler” diýen maslahat geçirildi. Onda biziň ýurtlarymyzyň arasynda ynsanperwer hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegi uly ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Umuman, häzirki forumyň wezipesi bilelikde gatnaşyk etmegiň möhüm ýagdaýlaryna täze itergi bermekden, onuň örän uly isleg bildirilýän ugurlaryny kesgitlemekden hem-de Arkalaşygyň ýurtlarynyň hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de ösdürilmegi üçin täze çemeleşmeleri işläp taýýarlamakdan ybaratdyr.