TÜRKMENISTANYŇ ILÇISINIŇ RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ HALK ARTISTI, D.G.GURSKAÝANYŇ BATYL WE GÖRÜŞ UKUBY PES BOLAN ÇAGALARYŇ “ÝÜREK ÇAGYRYŞY BILEN” ATLY HAÝYR-SAHAWAT GAZNASYNYŇ ÝOLBAŞÇYSY D.G.GURSKAÝA BILEN GEÇIREN DUŞUŞYGY

         2024-nji ýylyň 6-njy noýabrynda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Ilçisi E.M.Aýdogdyýewiň Russiýa Federasiýasynyň halk artisti, estrada aýdymçysy D.G.Gurskaýa bilen duşuşygy bolup geçdi.

         Duşuşygyň barşynda taraplar medeni we ynsanperwer ugurlary boýunça Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky özara gatnaşyklaryň ösdürilmegi üçin bar bolan uly mümkinçiliklerden peýdalanmagy işjeňleşdirmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy bilen D.G.Gurskaýanyň Batyl we görüş ukuby pes bolan çagalaryň “Ýürek çagyryşy bilen” atly haýyr-sahawat gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak we ösdürmek meselesi duşuşygyň esasy meselesi boldy.