MOSKWADA “DUTARYŇ OWAZLARY” FESTIWALYNYŇ ÝEŇIJILERINIŇ WE EMINLERINIŇ GATNAŞMAGYNDA KONSERT GEÇIRILER
“Dutaryň mukamlary” VIII festiwalyna tarap” – 15-nji sentýabrda Moskwada Russiýanyň çeperçilik akademiýasynyň Muzeý-sergi toplumynda geçiriljek konsertiň ady bolup, ol şu ýylyň 28-nji oktýabr – 3-nji noýabr aralygynda geçirilýän Nury Halmämmedow adyndaky “Dutaryň owazlary” atly Moskwanyň VIII halkara sungat fesitwalynyň özboluşly başlangyjy bolar.
2024-nji ýylda Guramaçylyk topary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna hem-de beýik şahyr we akyldaryň mirasyny hemmetaraplaýyn öwrenilmegine bagyşlanan giň meýilnama taýýarlady. Eýýäm geçirilen çäreleriň arasynda türkmen we rus artistleriniň gatnaşmagyndaky konsertler bar. Şeýlelikde, 7-nji aprelde Zurab Sereteliniň galereýasynda “Pähim-paýhas ummany – Magtymguly Pyragy” atly konsert geçirilip, ol Moskwada ýubileý mynasybetli baýramçylyk çäreleriniň başlangyjy boldy. Ýaňy-ýakynda bolsa, 21-nji awgustda Moskwanyň Döwlet filarmoniýasynyň Rahmaninow zalynda “Magtymguly diýip, adym tutsalar” atly konsert geçirildi.
Mundan başga-da, Magtymgulynyň döredijiligini dünýä ýaýmakda, esasan hem, Russiýanyň ýaşlarynyň arasynda ýaýbaňlandyrmakda uly ähmiýete eýe bolan bäsleşikler gurnaldy.
“Magtymguly we onuň dünýä medeniýetindäki orny” atly ylmy maslahatyna we birnäçe bäsleşiklere işleriň kabul edilişigi tamamlandy. Hususan-da, “Şöhlelendiriliş” atly Magtymgulynyň goşgularyna surat döretmek çeperçilik bäsleşigine hem-de “Magtymguly Pyragynyň goşgularyna düzülen saz eserleri” atly kompozitorlaryň bäsleşigine bellige alnyşlary kabul etmeklik tamamlandy. Guramaçylyk toparyna köpsanly gyzykly we özboluşly işler gelip gowuşdy, emin agzalar bolsa uly höwes bilen olara baha bermek üçin öz işine başladylar. Basym netijeler belli bolup, ýeňijileriň atlary mälim ediler. Bu bäsleşikleriň netijeleri boýunça ýeňijileriň döreden eserlerinden ybarat nota we çeperçilik ýygyndylaryny neşir etmeklik meýilleşdirilýär. Bu saýlanan eserler gatnaşyjylaryň zehinini açyp görkezmek bilen, şygyryýetiň we sazyň täsinligini birleşdirip, medeni mirasy baýlaşdyrarlar.
1-nji oktýabra çenli aşakdaky bäsleşiklere gatnaşmak üçin bellige alnyşlary kabul etmeklik dowam eder:
“Söz älemi” atly okyjylaryň Halkara edebiýat bäsleşigi;
“Paýhas tohumy: Beýik danalaryň sapaklary” atly taslama bäsleşigi;
Etniki we medeni däplerde akademiýa sazynyň iň gowy ýerine ýetirilişiniň bäsleşigi.
Bäsleşikler onlaýn hem oflaýn görnüşde geçirilýär.
“Dutaryň owazlary” festiwaly – milli däpleri gorap saklamkda we olary berkitmekde hem-de zehinli ýaşlary goldamakda möhüm waka bolup durýar. Onuň özboluşlylgy etniki we medeni däplere esaslanýan akademiki sazy dünýä ýaýmakdyr. Festiwalyň esasy maksady bolsa jemgyýetiň birleşmesine ýol açýan dürli halklaryň medeniýetleriniň özara täsiriniň galkyndyrylmagydyr. Festiwalyň wezipesi gatnaşyjylaryň dürli medeniýetlere bolan gyzyklanmalaryny ösdürmekdir.
“Dutaryň owazlary” festiwalynyň Guramaçylyk toparynda bellenilişi ýaly, geçirilen ýedi sany festiwallara Ermenistandan, Azerbaýjandan, Gwatemaladan, Germaniýadan, Eýrandan, Gazagystandan, Hytaýdan, BAE-den, Russiýadan, Sloweniýadan, ABŞ-dan, Türkmenistandan, Türkiýeden, Özbegistandan, Fransiýadan, Günorta Koreýadan, Ýaponiýadan 1000-den gowrak bagşy-sazandalar, tans we hor toparlary gatnaşdy.
“Dutaryň owazlary” Halkara festiwaly Russiýa bilen GDA ýutlarynyň halklarynyň arasynda dostluk we ruhy ýakynlyk däplerini pugtalandyrýan möhüm köpri bolup, özara düşünişmek we medeni hyzmatdaşlyga ýol açýar.
orient.tm