ADSM-4 MAKSATNAMASYNY IŞLÄP TAÝÝARLAMAK BOÝUNÇA SEBIT IŞÇI TOPARYNYŇ BIRINJI MEJLISI GEÇIRILDI

2018-nji ýylyň 16-17-nji maýynda paýtagtymyzyň “Grand Türkmen” myhmanhanasynyň maslahatlar zalynda “Aral deňzi sebitindäki ýurtlara ýardam etmek boýunça hereketleriň maksatnamasyny” (ADSM-4) işläp taýýarlamak boýunça Sebit işçi toparynyň birinji mejlisi geçirildi, ol Türkmenistanyň Araly halas etmegiň Halkara gaznasyna (AHHG) başlyklyk etmeginiň çäklerinde guraldy. Duşuşyk “Merkezi Aziýada suw serişdelerini serhetüsti dolandyrmak” atly halkara hyzmatdaşlyk boýunça german jemgyýetiniň maksatnamasynyň (GIZ) we Merkezi Aziýanyň Sebit ekologiýa merkeziniň (CAREC) ýardam etmeginde AHHG-niň Ýerine ýetiriji komiteti tarapyndan guraldy.

Mejlise Gazagystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň hem-de Özbegistanyň AHHG-niň Ýerine ýetiriji komitetindäki, Durnukly ösüş boýunça döwletara toparyndaky (DÖDT), Döwletara utgaşdyryjy suw hojalyk toparyndaky (DUSHT) wekilleri, ADSM-4-i işläp taýýarlamak hem-de AHHG-niň işiniň düzümleýin-hukuk gurallaryny kämilleşdirmek boýunça iş toparlaryň düzümine girýän bilermenler hem-de Merkezi Aziýanyň Sebit ekologiýa merkeziniň (CAREC) wekilleri gatnaşdylar.

2018-nji ýylyň 30-njy ýanwarynda Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň müdiriýetiniň kabul eden kararyna laýyklykda AHHG-niň Ýerine ýetiriji komitetine, Durnukly ösüş boýunça döwletara toparyna, Döwletara utgaşdyryjy suw hojalyk toparyna milli hünärmenler we halkara bilermenler bilen bilelikde ADSM-4 maksatnamasyny işläp taýýarlamak tabşyryldy.

Bu maksatnamanyň esasy ugurlary — sebitiň durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösmegine ýardam etmek, Aral deňzi sebitinde ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmak, suw serişdelerini toplumlaýyn peýdalanmak, AHHG-niň çäklerinde düzümleýin-hukuk gurallaryny kämilleşdirmek bolup durýar.

Duşuşykda ýygnananlar “Aral deňzi sebitindäki ýurtlara ýardam etmek boýunça hereketleriň maksatnamasyny” (ADSM-4) işläp taýýarlamak boýunça Sebit we milli işçi toparlarynyň maksatlaryny, wezipelerini, düzümini we esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Mundan başga-da Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň guramaçylyk düzümini we şertnama-hukuk esaslaryny kämilleşdirmegiň meseleleri, taslamalary taýýarlamagyň guramaçylyk meseleleri we ADSM-4-iň maksatlary, wezipeleri, düzümi we esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar ýokarda atlary agzalan resminamalary taýýarlamak işini dowam etmegi ylalaşdylar.