MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ DÖREDIJILIGI — PAÝHAS WE YLHAM ÇEŞMESI
Şu gün, 2024-nji ýylyň 20-nji maýynda, Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan taýýarlanan «Magtymguly» atly kitabyň — beýik şahyryň saýlanan eserleriniň ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Oňa Mejlisiň, Ylymlar akademiýasynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, käbir ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, ylym, medeniýet işgärleri, il sylagly ýaşulular gatnaşdylar.
Çykyşlarda türkmen, rus we iňlis dillerinde aýratyn kitaplar görnüşinde neşir edilen ýygyndynyň möhüm ähmiýeti nygtaldy. Hormatly Prezidentimiz hem-de Gahryman Arkadagymyz tarapyndan beýik söz ussadynyň baý medeni mirasynyň öwrenilmegine, giňden wagyz edilmegine uly üns berilýändigi bellenildi. Şahyryň çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan goşgulary ynsan kalbynda baky orun aldy. Türkmen nusgawy edebiýatynda ýazuwly edebiýatyň dilini halkyň gepleşik diline ýakynlaşdyran Magtymguly Pyragynyň döredijiligi şol döwrüň durmuşynyň ähli meselelerini öz içine alýar. Akyldar şahyryň bu ýygyndysynda edep-terbiýe, ylym-bilim, ahlak, çaga terbiýesi, ula hormat, kiçä sarpa, ynsanperwerlik, dost-doganlyk, mertlik, gahrymançylyk, watançylyk, milli döwletlilik babatda pelsepewi garaýyşlaryny, türkmen tebigatyny wasp edýän şygyrlary saýlanyp alyndy.
17-nji maýda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow türkmeniň beýik ogly Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Magtymguly» atly kitabyň çapdan çykandygyny we onda akyldar şahyryň umumadamzat gymmatlygyna öwrülen goşgularynyň ýerleşdirilendigini nygtady. Bu kitabyň ilkinji sany Gahryman Arkadagymyza iberildi. Döwlet Baştutanymyz bu eseriň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda mähriban halkymyza mynasyp sowgat boljakdygyny belledi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli mirasymyza sarpa goýmak, Watanymyzy mundan beýläk-de özgertmek, halkara abraýyny artdyrmak, Magtymguly Pyragynyň ömrüni we döredijiligini, edebi mirasyny öwrenmek hem-de dünýä ýaýmak, ýaş nesli beýik söz ussadynyň nusgalyk döredijiligine çäksiz buýsanç, hormat goýmak ruhunda terbiýelemek maksady bilen, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideriniň Magtymguly Pyragy hakyndaky goşgusyndan ugur alnyp, 2024-nji ýyl ýurdumyzda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçýär.
Bütin ömrüni halka hyzmat etmäge bagyşlan Magtymgulynyň döredijilik dünýäsi baý we köpugurlydyr. XVIII asyryň türkmen durmuşy, taryhy, syýasy wakalar, türkmen topragyna çäksiz söýgi, ýaşaýşyň ebedi sowallary, tebigatyň gözelligi, ahlak päkligi — bularyň ählisi ussadyň şygyrlarynda öz beýanyny tapypdyr. Dana Pyragynyň döredijiliginde esasy temalaryň biri hem watançylyk temasydyr. Onuň dogduk mekanynda berkarar döwlet gurmak baradaky taglymlary halky agzybirlige çagyrypdyr. Şahyryň döredijiliginde önüp-ösen ýeriniň tebigy gözelligini wasp edýän «Soňudagy», «Hasar dagynda», «Gürgeniň» ýaly goşgular hem bar. Magtymgulynyň şygyrlary diňe bir topragymyzyň tebigy gözelligini wasp etmek bilen çäklenmän, eýsem, arzuw-umytlar bilen bagly ylham beriji duýgulara-da ýugrulandyr. Muny şahyryň «Türkmeniň», «Türkmen binasy» şygyrlarynda aýdyň görmek bolýar.
Magtymgulynyň watançylyk temasynda ýazan şygyrlary XVIII asyr türkmen we türki dilli edebiýatyň ösmegine uly täsir edip, geljekki şahyrlar üçin özboluşly edebi mekdebe öwrülipdir. Muny Gahryman Arkadagymyzyň: «Öz döwründe geljegi öňünden gören nusgawy şahyrymyzyň mirasyny öwrenmekde häzirki zaman ylmynyň nukdaýnazaryndan seredeniňde, heniz doly düşünilmeýän zatlar bar... Geljekde Pyragynyň uçursyz zehinine täzeden baha beriljekdigine, onuň şygryýetiniň hakyky ruhy gymmatlyklarynyň dabaralanýandygy baradaky hoş habary älem-jahana ýaýradyp, dürli dillerde öňküsinden has-da güýçli ýaňlanjakdygyna men pugta ynanýaryn» diýen ganatly sözleri-de tassyklaýar.
Türkmenistanyň Garaşsyzlygyna eýe bolmagy bilen, beýik akyldaryň özbaşdak döwlet gurmak, halkymyzyň asuda we abadan durmuşy baradaky arzuwlary hasyl boldy. Soňky ýyllarda şahyryň döredijilik mirasyny dünýäde giňden wagyz etmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça ýurdumyzda giň gerimli işler alnyp barylýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda, 2024-nji ýylda beýik şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy ýurdumyzda we halkara derejede giňden bellenilip geçilýär. Bu şanly sene mynasybetli dünýä jemgyýetçiligi bilen bilelikde alnyp barylýan işler Magtymgulynyň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren gymmatly şahyrana we filosofik mirasyny öwrenmäge täze itergi berer.
Köpetdagyň eteginde Magtymguly Pyragynyň ägirt heýkeliniň gurulmagy beýik şahyra uly sarpa goýulýandygyny, onuň ömrüniň, döredijilik mirasynyň häzirki we geljek nesiller üçin görelde bolup durýandygyny aýdyňlygy bilen tassyklaýar. Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan 2024-nji ýylyň «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilmegi, Magtymgulynyň golýazmalar toplumynyň ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi, şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygynyň ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçilýän şanly seneleriň sanawyna goşulmagy nusgawy şahyrymyzyň döredijiliginiň dünýä derejesinde ykrar edilýändiginiň aýdyň güwäsidir.
Şeýlelikde, «Magtymguly» atly kitap giň okyjylar köpçüligine niýetlenip, Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýokary çap usulynda neşir edildi. Onuň bezeginde Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň gaznasyndan suratlar ulanyldy.