ARAL DEŇZINIŇ SEBITINDÄKI MESELELERI ÇÖZMEK BILEN BAGLANYŞYKLY MAKSATNAMALARY IŞLÄP TAÝÝARLAMAK BOÝUNÇA ARALY HALAS ETMEGIŇ HALKARA GAZNASYNYŇ ÝERINE ÝETIRIJI KOMITETINIŇ HALKARA HYZMATDAŞLARY BILEN DUŞUŞYGY

2018-nji ýylyň 9-10-njy maýynda Aşgabat şäherinde «Arçabil» myhmanhanasynyň maslahatlar otagynda Aral deňziniň sebitindäki meseleleri çözmek bilen baglanyşykly maksatnamalary işläp taýýarlamak boýunça Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň halkara hyzmatdaşlary bilen utgaşdyryjy duşuşygy boldy.

Duşuşygyň esasy maksady Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň we halkara hyzmatdaşlaryň arasynda ösüş boýunça hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerini ara alyp maslahatlaşmak, şeýle hem Aral deňziniň sebitindäki meseleleri çözmäge gönükdirilen hyzmatdaşlygy güýçlendirmek we gatnaşyklary ýola goýmak, hususan-hem sebitde ekologik, durmuş-ykdysady we suw hojalyk şertlerini gowulandyrmak maksatlary bilen geljekki taslamalary we maksatnamalary işläp düzmek boldy.

Bu çäre GIZ-ň «Merkezi Aziýada suw serişdelerini serhetara dolandyrmak» atly Sebitleýin maksatnamasy bilen ýakyn hyzmatdaşlykda guraldy.

Maslahatyň işine Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň, Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we edaralarynyň wekilleri we ösüş boýunça halkara hyzmatdaşlar (halkara guramalar we donorlar) gatnaşdylar. Maslahatlaşmalaryň dowamynda Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň esasy ugurlary – Aral deňziniň sebitiniň dördünji maksatnamasy, Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň guramaçylyk düzümini we kadalaşdyryjy-hukuk esasyny kämilleşdirmek, Daşky gurşawy goramak boýunça sebitleýin hereketleriň maksatnamasy we Aral deňziniň sebiti üçin BMG-niň ýörite maksatnamasy bilen tanyşdyryldy.      

Soňra ösüş boýunça halkara hyzmatdaşlar: Türkmenistanda BMG niň Ösüş maksatnamasy, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkezi, Bütindünýä Banky, Ýewropa Bileleşigi, GIZ-ň «Merkezi Aziýada suw serişdelerini serhetara dolandyrmak» atly Sebitleýin maksatnamasy, Merkezi Aziýanyň Sebitleýin ekologiki merkezi, Ösüş we hyzmatdaşlyk boýunça Şweýsariýa agentligi we beýlekiler sebitde özleriniň işleriniň esasy ugurlary bilen tanyşdyrdylar.

Maslahatyň dowamynda Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň we ösüş boýunça halkara hyzmatdaşlaryň işleriniň esasy ugurlarynyň bähbitleriniň umumylygyny nazara almak bilen, hyzmatdaşlygyň täze görnüşleri işjeň ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşyklaryň netijeleri boýunça Aral deňziniň sebitiniň meselelerini çözmek üçin Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň ösüş boýunça halkara hyzmatdaşlary bilen işleriniň esasy ugurlary kesgitlenildi. Aral deňziniň sebitiniň dördünji maksatnamasynyň taslamalarynda esasy direg amala aşurulmaklykda üns donorlar tarapyndan mälim ediljek we sebite maýa goýumlary çekmäge mümkinçilik berjek taslamalara aýratyn üns beriler. Şunlukda, sebitleýin taslamalar donoryň bähbitlerine laýyklykda döwletiň bähbitlerini görkezer.        

Hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerini ara alyp maslahatlaşmalaryň netijeleri boýunça, ösüş boýunça halkara hyzmatdaşlar halkara jemgyýetçiligi tarapyndan Merkezi Aziýada hyzmatdaşlyga ýardam bermegiň netijeliligini ösdürmek maksatlary bilen Maslahat beriş topary döretmek baradaky karara geldiler.

Şunlukda, Maslahat beriş topary halkara jemgyýetçiligi tarapyndan kömek almakda we ony paýlamakda Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň çäklerinde sebitleýin hyzmatdaşlygyň ulgamy üçin esasy ugur bolar.

Bu bolsa her bir hökümetara sebitleýin guramalar tarapyndan hödürlenýän maksatnamalar we taslamalar üçin ylalaşylan ugurlary ýola goýmaga, Aral deňziniň sebitiniň dördünji maksatnamasyny we Daşky gurşawy goramak boýunça sebitleýin hereketleriň maksatnamasyny ýerine ýetirmekde halkara jemgyýetçiliginiň kömegini gönükdirmäge, şeýle hem umuman donor kömeginiň netijeliligini artdyrmaga we ony paýlamagyň we ulanmagyň ýagdaýynyň açyklygyny gowulandyrmaga mümkinçilik berer.