GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ TÜRKIÝE RESPUBLIKASYNA IŞ SAPARY BAŞLANDY

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 3-nji Antalýa diplomatiýa forumyna gatnaşmak üçin, iş sapary bilen ugrady.

Aşgabadyň Halkara howa menzilinde Gahryman Arkadagymyzy resmi adamlar ugratdylar.

Watanymyz oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty durmuşa geçirip, dünýäniň döwletleri bilen ikitaraplaýyn esasda, şeýle hem sebit we ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleriniň deňeçerli çözgütlerini ara alyp maslahatlaşmak hem-de işläp taýýarlamak üçin mümkinçilik berýän köptaraplaýyn görnüşlerde netijeli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýär.

Şeýle hem şu gezekki saparyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary meýilleşdirildi.