PARLAMENTARA DIALOG: PARAHATÇYLYGY WE HYZMATDAŞLYGY PUGTALANDYRMAGA GOŞANT
Şu gün Türkmenistanyň Mejlisinde utgaşykly görnüşde Bitaraplygyň dostlary toparyna agza ýurtlaryň parlament ýolbaşçylarynyň «Parahatçylygy we dialogy berkitmekde parlament hyzmatdaşlygynyň orny» atly birinji duşuşygy geçirildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistan saýlap alan oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, netijeli halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirýär. Ýurdumyzyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamasyna laýyklykda, 2023-nji ýylyň «Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly» şygary astynda geçmegi hem aýratyn ähmiýete eýedir.
Mälim bolşy ýaly, bu başlangyç 2021-nji ýylyň dekabrynda Aşgabatda geçirilen «Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty — halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara maslahatyň dowamynda beýan edildi hem-de oňa gatnaşyjylaryň ählisi tarapyndan biragyzdan goldanyldy. Maslahatyň Jemleýji resminamasy BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň resminamasy hökmünde ýaýradyldy. Munuň özi tötänleýin däldir. Çünki ol halkara gatnaşyklaryň täze filosofiýasy hökmünde BMG-niň Baş sekretarynyň parahatçylygy ýola goýmak üçin ählumumy strategik töwekgelçilikleri azaltmak, gapma-garşylyklaryň öňüni almak, parahatçylygy goramak, sebitleýin öňüni alyş çärelerini goldamak ýaly wezipeleri öz içine alýan täze Gün tertibini döretmek başlangyjy bilen gönüden-göni sazlaşýar.
Türkmenistan oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, döwletleriň we halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary, ählumumy abadançylygyň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli halkara hem-de sebit hyzmatdaşlygyny berkitmekde möhüm ähmiýete eýe bolan parlamentara gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly üns berýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda beýan eden teklipleriniň aýratyn ähmiýetini bellemek gerek. Şolaryň hatarynda Ýer ýüzünde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, BMG-niň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek, energetika, ulag, ekologiýa, howanyň üýtgemegi, ynsanperwer ulgam ýaly ugurlarda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça teklipler bar.
Häzirki döwrüň ýagdaýlary bilen baglylykda, türkmen Bitaraplygynyň möhüm ähmiýeti we onuň mümkinçiliklerine bolan gyzyklanma ýene bir gezek tassyklanýar. Häzirki wagtda düzüminde 20-den gowrak döwlet agza bolup durýan parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary toparynyň alyp barýan işi munuň aýdyň güwäsidir. Şolaryň hatarynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 1995-nji we 2015-nji ýyllarda kabul eden «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy», 2017-nji ýyldaky «Halkara Bitaraplyk güni», 2020-nji ýyldaky «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy saklamakda we pugtalandyrmakda hem-de durnukly ösüş işinde bitaraplyk syýasatynyň orny» atly Kararnamalarynyň awtordaş ýurtlary hem bar. Bu köptaraplaýyn dialogyň çäklerinde yzygiderli geçirilýän duşuşyklar halkara gatnaşyklarda bitaraplyk ýörelgelerini ilerletmek, ählumumy abadançylygyň bähbidine netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin durnukly syýasy-diplomatik mehanizmiň işlenip taýýarlanylmagyna goşant goşmaga gönükdirilendir.
2023-nji ýylyň 11-nji dekabrynda paýtagtymyzda utgaşykly görnüşde parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary toparynyň ýokary derejedäki mejlisi geçirilipdi. Onuň dowamynda halkara hyzmatdaşlygy ilerletmekde, ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmagyň gurallaryny işjeň ulanmakda ýurdumyzyň eýeleýän ornuna ýokary baha berildi. Parlamentarileriň şu gezekki köptaraplaýyn duşuşygy hem bu maksatlara ýetmäge gönükdirilendir. Oňa dünýäniň dürli ýurtlaryndan parlamentleriň, halkara we sebit guramalarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň parlament diplomatiýasy ýurduň Bitaraplyk hukuk derejesine laýyklykda üstünlikli alnyp barylýar we daşary ýurtlaryň parlamentleri bilen ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn gatnaşyklary ýola goýmak, halkara parlament guramalarynyň, assambleýalarynyň işine gatnaşmak, parlamentara dostluk toparlaryny döretmek, bilelikdäki çäreleri guramak arkaly durmuşa geçirilýär. Munuň özi Bitarap döwletimiziň halkara başlangyçlaryny goldamagyň möhüm guraly bolup durýar.
Halkara gatnaşyklaryň täze filosofiýasyny ilerletmegiň çäklerinde paýtagtymyzda geçirilen halkara forumlaryň Jemleýji resminamalary Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň degişli sessiýalarynyň resminamalary hökmünde kabul edildi. Olarda bitaraplyk syýasatynyň, parahatçylyk dialogynyň dünýä döwletleriniň arasyndaky ynanyşmak we özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklaryny ösdürmekde möhüm orun eýeleýändigi, sebit hem-de dünýä derejesinde howpsuzlygy berkitmäge ýardam berýändigi aýratyn nygtalýar. Şunuň bilen baglylykda, bu başlangyçlary halkara derejede ilerletmekde şu gezekki duşuşyga gatnaşýan parlament ýolbaşçylarynyň işjeň ornunyň wajypdygy nygtaldy.
BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Kaha Imnadze we BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko türkmen döwletiniň parahatçylygyň, ösüşiň, hyzmatdaşlygyň dünýä hem-de sebit derejesindäki gün tertibine has işjeň gatnaşýandygyny, bu ugurdaky başlangyçlary ilerledýändigini, häzirki döwrüň çylşyrymly ählumumy we sebit meseleleriniň köpüsi boýunça netijeli çözgütleri teklip edýändigini bellediler. Şu günki duşuşygyň ähmiýetine we onuň geçirilmeginiň zerurdygyna ünsi çekip, olar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa parahatçylygy goramak boýunça başlangyçlary durmuşa geçirmek ugrundaky tagallalary hem-de goşantlary üçin hoşallyk bildirdiler. Şunda parahatçylygy we ynanyşmagy üpjün etmek üçin halkara jemgyýetçiligiň tagallalaryny birleşdirmegiň döwrüň zerur talabydygy, abadançylygyň, gülläp ösüşiň baş şertidigi nygtaldy.
Duşuşygyň dowamynda Parlamentara Birleşigiň Baş sekretarynyň, daşary ýurtlaryň parlamentleriniň ýolbaşçylarynyň sanly ulgam arkaly çykyşlary diňlenildi. Bellenilişi ýaly, häzirki zaman dünýäsinde parlament diplomatiýasynyň barha artýan orny göz öňünde tutulanda, häzirki wagtda Bitaraplygyň dostlary toparyna agza ýurtlaryň parlament ýolbaşçylarynyň «Parahatçylygy we dialogy berkitmekde parlament hyzmatdaşlygynyň orny» atly birinji duşuşygynyň ähmiýeti uludyr. Parlament diplomatiýasynyň esasy aýratynlygynyň we güýjüniň, ilkinji nobatda, raýatlaryň gönüden-göni saýlan wekilleri bilen parlamentarileriň arasynda dialog üçin mümkinçilikleri döretmeginde jemlenýändigi aýdyldy. Munuň özi adamlar üçin iň möhüm we derwaýys meseleleri içgin ara alyp maslahatlaşmaga, täze aragatnaşyk ýollaryny gözlemäge, isleg bildirýän hem-de ýurtlarymyzyň raýatlary tarapyndan goldanyljak başlangyçlary öňe sürmäge mümkinçilik berýär.
Çykyş edenleriň nygtaýyşlary ýaly, olar Türkmenistanyň parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary toparyny döretmek başlangyjyny ilkibaşdan işjeň goldap, 2020-nji ýylda döredilen gününden bäri bu düzümiň işine gönüden-göni gatnaşýarlar. Geçen ýyllaryň dowamynda bu topar gapma-garşylyklaryň öňüni almak, olaryň netijelerini aradan aýyrmak, ynsanperwerlik meselelerini çözmek üçin bitaraplyk ýörelgelerini iş ýüzünde ulanmak boýunça köptaraplaýyn dialog üçin täsirli meýdança hökmünde özüni görkezdi.
Sanly ulgam arkaly çykyş edenler Türkmenistanyň parlamentara dialogy ösdürmek baradaky başlangyçlaryny goldap, netijeli halkara gatnaşyklary ilerletmekde, ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak üçin gurallary işjeň ulanmakda ýurdumyzyň eýeleýän ornuna ýokary baha berdiler. Çykyşlarda şu gezekki köptaraplaýyn duşuşyga gatnaşýan döwletleriň milli parlamentleriniň arasynda netijeli özara gatnaşyklary has-da berkitmegiň möhümdigi bellenildi. Munuň özi häzirki döwrüň derwaýys meseleleriniň deňagramly çözgütleriniň işlenip düzülmegine, ýurtlaryň we halklaryň arasynda däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň, özara düşünişmegiň, ynanyşmagyň pugtalandyrylmagyna, ählumumy abadançylygyň, ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýän köptaraply döwletara, sebit we sebitara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ýardam berer. Şeýle-de häzirki döwrüň talaplaryna, türkmen halkynyň köpasyrlyk ýörelgelerine esaslanýan hemişelik Bitaraplygyň özboluşly nusgasyny durmuşa geçirýän Türkmenistanyň baý tejribesiniň bardygy, bu syýasatyň dünýä jemgyýetçiliginiň üns merkezinde saklanýandygy tassyklanyldy. Şunuň bilen baglylykda, birek-birek üçin açyklygyň we ýola goýlan gatnaşyklaryň aýratyn ähmiýete eýedigi bellenildi. Türkmen parlamenti hem-de onuň ähli agzalary Bitaraplygyň dostlary toparyndaky kärdeşleri bilen ýakyn, yzygiderli hem-de ynanyşmak ýörelgesine esaslanýan hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýärler, tejribelerini, gazananlaryny, meýilnamalaryny paýlaşmaga hemişe taýýardyrlar.
Şeýlelikde, türkmen tarapy deňhukukly dialogy dowam etdirmek we ählumumy ösüşiň möhüm meseleleri boýunça hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin täsirli meýdançany döretmegi maksat edinýär. Bu bolsa, öz gezeginde, diňe bir howpsuzlygyň, durnukly ösüşiň meselelerini çözmäge däl-de, eýsem, dürli taraplaryň arasynda birek-birege düşünişmegi, hormat goýmagy ýokarlandyrmaga hem mümkinçilik döreder. Munuň özi pugta parahatçylygy gazanmagyň iň möhüm şertidir.
Birleşen Milletler Guramasy bilen milli we parlamentara birleşikleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak maksadyndan ugur alnyp, kanun çykaryjylyk işlerinde, öňdebaryjy innowasiýalar boýunça tejribe alyşmakda, parahatçylygy hem-de howpsuzlygy üpjün etmekde bitaraplygyň, dialogyň ýörelgelerini öňe sürmekde, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde ýakyn gatnaşyk saklamaga taýýarlyk beýan edildi.
Bitaraplygyň dostlary toparyna agza ýurtlaryň parlament ýolbaşçylarynyň «Parahatçylygy we dialogy berkitmekde parlament hyzmatdaşlygynyň orny» atly birinji duşuşygynyň işiniň netijeleri öňe sürlen teklipleriň hem-de garaýyşlaryň esasynda kabul edilen Jemleýji resminamada öz beýanyny tapdy.