TÜRKMENISTANDA MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ DOGLAN GÜNÜNIŇ 300 ÝYLLYGY MYNASYBETLI MEDAL DÖREDILDI

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny döretmek hakynda» Kanuna gol çekdi.

«Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň baý we gymmatly edebi mirasyny öwrenmekde, aýawly saklamakda hem-de wagyz etmekde uly hyzmatlary bitiren ýurdumyzyň raýatlaryny sylaglamak maksady bilen döredildi.

Medal hakynda düzgünnamada hormatly sylag bilen Türkmenistanyň milli medeniýetini ösdürmäge uly goşant goşýan, ylym, bilim, medeniýet, edebiýat we sungat ugurlarynda ajaýyp döredijilik üstünlikler gazanan, türkmen halkynyň medeni mirasyny we onuň ruhy gymmatlyklaryny dikeltmekde aýratyn hyzmatlary üçin Türkmenistanyň raýatlary sylaglanylýar.

Türkmenistan bilen medeni we beýleki dostlukly gatnaşyklary ösdürmekde, Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyny öwrenmekde we wagyz etmekde aýratyn hyzmatlary görkezen daşary ýurt raýatlary we raýatlygy bolmadyk adamlar hem Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglanylyp bilner.

Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalyna mynasyp bolanlar Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan sylaglanylýar.

Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly burçlary ýitileşdirilen, gyrasyna altyn çaýylan sekizburçluk görnüşinde ýasalan. Medalyň burçlarynyň arasy altyn çaýylan we ýaşyl reňk bilen syrçalanan uçly ýarym aýlaw bilen birikdirilen. Medalyň umumy diametri 44,3 mm.

Sekizburçlugyň milli nagyş bilen bezelen her burçunda bir göwher daşy bar. Medalyň daşky tegeleginiň daşynda sekiz sany kiçi ölçegli göwher daşy ýerleşdirilen.

Altyn çaýylan içki tegeleginiň merkezinde Gün şöhleleri, üstünde Magtymguly Pyragynyň eline kitap alyp duran şekili we onuň sag tarapynda milli ýazuw esbaplary, çep tarapynda bolsa dikligine bäş sany türkmen haly gölüniň güberçek görnüşdäki şekilleri ýerleşdirilen.