TÄZE TÜRKMENBAŞY DEŇIZ PORTY ABRAÝLY SYLAGLARA MYNASYP BOLDY

“Awaza” Kongressler merkezinde geçirilen Halkara ulag maslahatynyň dowamynda dürli guramalaryň bilermenleri tarapyndan Türkmenbaşy täze deňiz portuna mynasyp sylaglaryny gowşurmak dabarasy bolup geçdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenbaşy Halkara deňiz portuny gurmak başlangyjyny öňe sürenligi üçin aýratyn sylaglara mynasyp boldy. Bu sylaglaryň üsti bilen “Ýüpek ýoly” Halkara söwda edarasy we Aziýa-Ýuwaş Umman sebiti ýurtlarynyň söwda-senagat edaralarynyň konfederasiýasy Türkmenistanyň ulag ulgamyndaky gadymy Ýüpek ýoluny gaýtadan gikeltmek arkaly Gündogar bilen Günbatary birleşdirmek babatyndaky integrasiýa taslamalaryna öz goldawlaryny beýan etdi.

Täze deňiz porty “PricewaterhouseCoopers” halkara konsalting kompaniýasynyň we Germaniýnyň “Hamburger Hafen und Logistik AG” logistika we ulag kompaniýasynyň sylaglary hem-de Gamburgyň we Golland portlarynyň konteýner terminallaryny dolandyryjy “Zeeland Seaports” kompaniýasynyň minnetdarlyk haty bilen sylaglandy.

Şeýle hem port “deňiz derejesinden pesde ýerleşýän iň uly port” hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Şu kategoriýada dünýä rekordlar kitaby “deňiz derejesinden pesde ýerleşýän iň uly emeli ada” diýip  port gurulanda göçýän guşlary goramak maksady bilen gurulan emeli guşlar adasyny belledi.

Türkmenbaşy portunyň gurluşygynda daşky gurşawy we guşlary goramaga goşandy üçin Maks Plankyň Ornitologiýa institutynyň (Germaniýa) hem-de Wena uniwersitetiniň adyndan sylaglar gowşuryldy.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan barada mahirli sözler üçin halkara guramalaryň ýolbaşçylaryna minnetdarlygyny bildirdi. Ýurt ýolbaşçysynyň belleýşi ýaly, biziň ýurdumyz tarapyndan bu abraýly guramalaryň hyzmatdaşlyga taýýarlygyna, şeýle hem şu günki forumynyň gün tertibine goýulan wajyp we möhüm meselelerine manyly we oňyn çemeleşmesine ýokary baha berilýär.  

Döwlet baştutanymyz şu günki Halkara forumyň çagyrylyşy syýasatçylaryň, hünärmenleri, bilermenleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri tarapyndan bildirilen giň gyzyklanma Beýik Ýüpek ýolunyň häzirki zaman şertlerinde täzeden dikeldimegi maksadynyň ähmiýetini görkezýändigi barada ynamyny beýan etdi. Şu nukdaýnazardan diňe bir söwda, ykdysadyýet, maýa goýum babatda däl, eýsem syýasatda, medeniýetde, ynsanperwer gatnaşyklarynda, ýurtlaryň hem-de halklaryň arasynda dostlugy we hyzmatdaşlygy berkitmekde mümkinçilkler açylýar.

Bu duşuşyk bu işiň gidişine ýardam etmegi meýillendirilip, garaýyşlaryň çalşygy, özaragatnaşyklaryň konstruktiw görnüşleriniň oýlap tapylmagy, gymmatly professional gatnaşyklaryň ýola goýulmagy üçin gepleşik meýdançasynyň biri bolmagy wezipelendirilýär, diýip milletiň lideri belledi. Bu bolsa geljekki amaly işler üçin örän peýdaly bolup durýar.