MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ DOGLAN GÜNÜNIŇ 300 ÝYLLYGY RUSSIÝADA BAÝRAM EDILER
Nury Halmämmedow adyndaky «Dutaryň owazlary» atly Moskwanyň VIII halkara sungat festiwalynyň guramaçylyk topary Russiýa Federasiýasynyň ýaşaýjylary üçin Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny baýram etmäge bagyşlanylan baý maksatnama taýýarlady.
Meýilleşdirilen çäreleriň hatarynda çeper okaýyşlaryň «Älem sözi» («Вселенная слова») atly halkara edebiýat bäsleşigi, Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryna bagyşlanylyp çekilen surat eserleriniň «Şöhlelenme» atly çeperçilik bäsleşigi, kompozitorlaryň «Magtymguly Pyragynyň goşgularyna döredilen aýdym-saz eserleri» atly bäsleşigi, «Parasatlylyk tohumlary: Beýik akyldaryň sapaklary» atly taslamalaryň bäsleşigi bar.
XVIII asyrda ýaşap geçen türkmen şahyry we filosofy Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň baýram edilmegi 2024-nji ýylda ÝUNESKO-nyň şanly seneleriniň sanawyna girizildi. Ýokarda agzalan türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyrynyň döredijilik mirasyny wagyz etmäge bagyşlanylan çäreleriň ählisi ýylyň dowamynda geçiriler.
Wakalaryň hataryny «Magtymguly we onuň dünýä medeniýetinde eýeleýän orny» atly halkara ylmy-amaly maslahat, şeýle hem uly ajaýyp konsert jemlär. Konsertde kompozitor Mämmet Guseýnowyň «Magtymguly Pyragynyň monologlary» atly monooperasy ýaňlanar.
Agzalan çärelere gatnaşmaga Russiýa Federasiýasynyň we Türkmenistanyň medeniýet we sungat işgärleri, teatr we kino artistleri, professorlar, teatr ugurly ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary çagyryldy.