HAZARÝAKA DÖWLETLERIŇ WEKILLERI ULAG ULGAMYNDA HYZMATDAŞLYK ETMEK HAKYNDAKY YLALAŞYGYŇ MESELELERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR

2018-nji ýylyň 23-24-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Hazar deňzinde ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ylalaşygyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak boýunça hazarýaka döwletleriniň ygtyýarly wekilleriniň üçünji mejlisi geçirildi. Mejlise Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Eýranyň, Russiýanyň we Gazagystanyň degişli ministrlikleriniň we edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Mejlisiň dowamynda türkmen tarapynyň teklip eden Hazar deňzinde ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ylalaşygy boýunça netijeli pikir alyşmalary we bilermenleriň bahalandyrmagynyň ara alyp maslahatlaşylmagy boldy. Geografiki taýdan Ýewropanyň hem-de Aziýanyň çatrygynda ýerleşmegi biziň ýurtlarymyzyň aýratynlygy bolup, bu ýagdaý üstaşyr daşamlarynyň we logistiki hyzmatlary çygyrlarynda uly mümkinçilikleri döredýär.

Hazarýaka döwletleriniň Hazar deňzinde ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ylalaşygyň taslamasynyň taýýarlanylmagy, halkara ulag-logistika merkeziniň döredilmegini göz öňünde tutmak bilen, goňşy ýurtlaryň gejekde batly sosial-ykdysady ösüşi üçin şertleri döreder, olaryň maýa goýum çekijiligini artdyrar, sebitleýin we sebitara söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we syýahatçylyk gatnaşyklarynyň berkemegine ýardam eder.