GARAŞSYZ, HEMIŞELIK BITARAP TÜRKMENISTANYŇ BANK ULGAMYNYŇ IŞGÄRLERINE WE ÄHLI HALKYNA
Eziz watandaşlar!
Hormatly bank ulgamynyň işgärleri!
Sizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ykdysady ösüşleriniň we üstünlikleriniň nyşany bolan Türkmenistanyň milli pul birliginiň — manadymyzyň dolanyşyga girizilmeginiň 30 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Milli manadymyzyň dolanyşyga girizilmegi ykdysadyýetimiziň sazlaşykly ösmegi, kadaly pul dolanyşygynyň we ýeke-täk döwlet pul-karz syýasatynyň netijeli alnyp barylmagy üçin zerur bolan amatly şertleri döretdi. Alnyp barylýan pul-karz syýasatynyň strategik ugurlary pul dolanyşygynyň durnuklylygyny hem-de durnukly ykdysady ösüşi gazanmakdan, ilatyň maddy hal-ýagdaýyny gowulandyrmakdan, milli ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygyny berkitmekden, bank ulgamynyň halkara maliýe bazarlaryna utgaşykly aralaşmagy üçin oňaýly makroykdysady şertleri döretmekden ybarat bolup durýar. Baş maksada ýetmekde bazar ykdysadyýetiniň wajyp düzüm bölegi bolan bank ulgamynyň ähmiýeti örän uludyr.
Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň möhüm ugry bolan bank ulgamy çalt depginler bilen ösýän ulgamlaryň birine öwrüldi. Ulgama sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmagyň, töwekgelçilikleri we maýalary dolandyrmagyň netijeli usullaryny ýokarlandyrmagyň, korporatiw dolandyryş ulgamyny ösdürmegiň hem-de işewürlik ýagdaýlaryny kämilleşdirmegiň, bankyň girdejisini we düşewüntliligini artdyrmagyň esasynda durnukly ösüşi üpjün etmek geljek üçin möhüm wezipeleriň biridir. Milli maksatnamalarymyzyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi halkara derejede-de öz beýanyny tapýar. Ata Watanymyzyň durnukly ykdysady ösüşine halkara guramalar tarapyndan hem oňyn baha berilýär.
Hormatly bank ulgamynyň işgärleri!
Häzirki döwürde ýurdumyzda bank işini kadalaşdyrýan kanunçylyk namalaryny halkara ölçeglere laýyk getirmek boýunça işler dowam etdirilýär. Döwrüň talaplaryna laýyklykda, bank hyzmatlary hem ösýär. Hasaplaşyklary, serişdeleriň dolanyşygyny çaltlandyrmak, ilata howpsuz, tölegleri çalt geçirýän galtaşyksyz tehnologiýalary ulanýan döwrebap hyzmatlary ornaşdyrmak maksady bilen, bank ulgamynda elektron töleg ulgamynyň gerimi giňeldilýär. Bank ulgamyna sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly has köp zähmeti talap edýän işler awtomatlaşdyrylyp, maliýe we ykdysadyýet ulgamynyň işiniň tizligi artdyrylýar, ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň gerimi giňeldilýär, netijeliligi we hili ýokarlandyrylýar. Şeýle hem milli manadymyzyň ykdysadyýetde dolanyşygy kämilleşýär, tiz pul dolanyşygynyň bolmagy esasynda ykdysadyýetde täze önümçilikleriň sany artýar. Ilatyň maliýe sowatlylygyny ýokarlandyrmak ugrunda netijeli işler alnyp barylýar. Bank ulgamynyň işgärleriniň hünär derejeleri yzygiderli ýokarlandyrylýar.
Ýurdumyzyň ygtyýarly karz edaralary tarapyndan Türkmenistanyň daşary ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmek babatda kabul edilen maksatnamalary durmuşa geçirmek bilen bagly maýa goýum taslamalary uzak we orta möhlete çekilen serişdeleriň hasabyna maliýeleşdirilýär. Bu işlere daşary ýurt maliýe guramalary işjeň çekilýär. Ata Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, jemi içerki önümiň jan başyna düşýän möçberi babatda Türkmenistan dünýäde ýokary girdejili ýurtlaryň ortaça derejesine ýetdi. Bu bolsa ýurdumyzda amala aşyrylýan pul-karz, salgyt-býujet, nyrh emele getiriş, maýa goýum syýasatynyň netijeliliginiň aýdyň görkezijisidir. Bu ýetilen sepgitleri Halkara pul gaznasy, Bütindünýä banky we beýleki abraýly halkara guramalar tassyklaýarlar.
Biz geljekde-de ýurdumyzyň pul-karz syýasatyny yzygiderli kämilleşdirmäge, milli ykdysadyýetimiziň önümçilik maksatly ugurlaryny ösdürmäge gönükdirilýän karz serişdeleriniň möçberini artdyrmaga, kiçi önümçilikleri höweslendirmäge, ilat üçin karz-maliýe serişdeleriniň möçberini köpeltmäge, karz göterimleriniň mundan beýläk-de elýeterli bolmagyny gazanmaga, bank hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmaga, halkara maliýe guramalary bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge, täze innowasion tehnologiýalary giňden ornaşdyrmaga aýratyn üns bereris.
Eziz watandaşlar!
Hormatly bank ulgamynyň işgärleri!
Sizi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň milli pul birligi bolan manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 30 ýyllygy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, asuda we bagtyýar durmuş, berkarar döwletimizi mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.
Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar BERDIMUHAMEDOW.