TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ PREZIDIUMYNYŇ MEJLISINI GEÇIRDI

Şu gün, 2023-nji ýylyň 31-nji oktýabrynda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisini geçirdi. Mejlise Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň agzalary, Mejlisiň deputatlary, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn düzümleriň, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik birleşikleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, köp sanly ýaşlar gatnaşdylar. Mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň 24-nji sentýabrda geçirilen taryhy mejlisinden soňra alnyp barlan işleriň netijeleri, şeýle hem geljek üçin wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri mejlisiň gün tertibini yglan edip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň iş dolandyryjysy K.Babaýewe söz berdi. Ol ählihalk forumynyň jemleri boýunça ýerine ýetirilen işler baradaky hasabat bilen çykyş etdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki döwürde türkmenistanlylaryň agzybirligini, jebisligini berkitmek, döwlet ähmiýetli meseleleri jemgyýetçilik wekilleri bilen maslahatlaşyp çözmek boýunça Gahryman Arkadagymyzyň öňe süren başlangyçlary üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunda Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzy sazlaşykly ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak wezipeleriniň degişli derejede amala aşyrylmagy zähmetsöýer halkymyzy täze üstünliklere ruhlandyrdy.

Şeýle hem umumymilli forumda öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen, Halk Maslahatynyň ýurdumyzyň Mejlisi we beýleki döwlet edaralary, jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde alyp barýan işleri barada hasabat berildi. Şunuň bilen baglylykda, Halk Maslahatynyň taryhy-syýasy ähmiýeti, onuň ýurdumyzyň durmuşynda eýeleýän orny barada döwlet edaralarynda, okuw jaýlarynda maslahatlar geçirilýär we köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çykyşlar guralýar.

Gahryman Arkadagymyz hukuk medeniýetini kämilleşdirmek, milli demokratiýany ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň netijeli dowam etdirilmelidigini belläp, ýurdumyzda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine möhüm ähmiýet berilmelidigine ünsi çekdi. Bu ugurdaky işler täze taryhy döwrüň ruhuna we talabyna laýyk derejede dowam etdirilmelidir.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow bilim-ylym, saglygy goraýyş we sport ulgamlarynda durmuşa geçirilýän işler barada hasabat berdi. Hasabatda bilimli, giň gözýetimli ýaş nesli terbiýeläp ýetişdirmek, ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak üçin amala aşyrylýan çäreler, şeýle hem öňde durýan wezipeler barada aýdyldy.

Häzirki döwürde milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda bolşy ýaly, ýokarda agzalan ulgamlary hem kämilleşdirmäge, dolandyryş düzümlerini, degişli kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen toplumlaýyn işler amala aşyrylýar. Şunda milli we dünýäniň öňdebaryjy tejribelerini işjeň özleşdirmek, häzirki zamanyň täzeçil tehnologiýalaryny ornaşdyrmak we bu ugurda alnyp barylýan işleri döwrüň talabyna laýyk derejede ösdürmek boýunça zerur işler ýerine ýetirilýär.

Gahryman Arkadagymyzyň öňe süren asylly başlangyçlarynyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi esasynda häzirki zaman ylmynyň we tehnologiýalarynyň gazananlaryny ornaşdyrmak, dünýä döwletleri, iri halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça toplumlaýyn işler amala aşyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer ylymly-bilimli, sagdyn nesilleri terbiýelemek, okuw meýilnamalaryny we maksatnamalaryny kämilleşdirmek, bilim ojaklarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek ugrunda zerur tagallalaryň edilýändigini nygtady.

Lukman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen kabul edilen “Saglyk” Döwlet maksatnamasy adamlaryň saglygyny goramak, ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlarynyň netijeliligini artdyrmak, keselleriň öňüni almak, paýtagtymyzda, Arkadag şäherinde we welaýatlarda halkara talaplara laýyk gelýän keselleri anyklaýyş-bejeriş merkezlerini, hassahanalary, şypahanalary, derman serişdelerini öndürýän kärhanalary gurmak meselelerini öz içine alýar. Şeýle hem wise-premýer Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna näsag çagalara operasiýalaryň we bejergileriň geçirilendigini, bu işleriň netijeli dowam etdirilýändigini aýtdy.

Parahatçylygyň, sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde ykrar edilen Türkmenistanda Olimpiýa hereketini, ýokary netijeli sporty we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça döwlet derejesinde işleriň geçirilýändigini belläp, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary bu ugurda öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin bilelikdäki tagallalaryň ediljekdigine ynandyrdy. Wise-premýer Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýokarda agzalan ulgamlary ösdürmek barada edýän aladalary üçin hoşallyk sözlerini beýan etdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri ýurdumyzda bilim bermegiň usulyýetini kämilleşdirmek, ylym ulgamyny yzygiderli ösdürmek we oňa häzirki zamanyň ösen tejribesini, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak meselelerine aýratyn ähmiýet berilmelidigini belledi. Ýaş türkmenistanlylary ylymly-bilimli, hünärli edip ýetişdirmegiň, olaryň dünýä ylmyna çuňňur aralaşmagyna giň ýol açmagyň möhüm talap bolup durýandygyna ünsi çekip, alym Arkadagymyz bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmek boýunça birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Şeýle hem Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda ýaşlaryň saýlap alan hünärine eýe bolmaklary we ähli ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmekleri ugrunda zerur mümkinçilikleriň döredilýändigini belläp, bu ugurda bar bolan şertlerden netijeli peýdalanmak ugrunda ähli tagallalaryň edilmelidigine ünsi çekdi. Şunda ýaşlaryň durmuşyň islendik ugurlaryndan baş alyp çykmaklary üçin olara berilýän bilim-terbiýe döwrebap bolmalydyr. Her bir mugallym ösüp gelýän ýaş nesillere bilim-terbiýe bermek işine örän jogapkärçilikli we hemmetaraplaýyn esasda çemeleşmelidir. Munuň özi bilimli, maksada okgunly, durnukly ýaş nesli kemala getirmäge mümkinçilik berer.

Soňra Gahryman Arkadagymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýewe söz berdi.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň önüm öndürijilerine döwlet derejesinde berilýän goldawlaryň netijesinde içerki sarp edijileri Türkmenistanda öndürilýän önümler bilen üpjün etmek, söwdanyň medeniýetini ýokarlandyrmak, bu ugurda telekeçileriň işjeňligini artdyrmak ugrunda zerur tagallalar edilýär. Şunuň bilen baglylykda, çörek, et önümleriniň, towuk etiniň, ýumurtganyň, süýt we süýt önümleriniň, pagta ýagynyň, süýji-köke, gök-bakja önümleriniň, miwe suwlarynyň, alkogolsyz içgileriň öndürilýän möçberi artdyrylýar.

Şeýle hem hususy önüm öndürijileriň ýurdumyzyň eksport ulgamynyň artmagyna mynasyp goşant goşýandygyny belläp, wise-premýer bu işleri mundan beýläk-de ösdürmek, daşary ýurtlara iberilýän önümleriň mukdaryny artdyrmak ugrunda maksatnamalaýyn işleriň yzygiderli dowam etdirilýändigini nygtady.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza telekeçilige döwlet derejesinde goldaw berilýändigi, söwda ulgamyny kämilleşdirmek meselelerine uly üns gönükdirilýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri ýurdumyzda azyk howpsuzlygynyň berkidilmeginiň, dürli görnüşli önümleriň bolçulygynyň döredilmeginiň, içerki sarp edijileriň gündelik durmuşda ulanylýan harytlar bilen üpjün edilmeginiň möhüm talapdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda öndürilýän önümleriň bolçulygynyň üpjün edilmegine aýratyn ähmiýet berilmelidir. Şol bir wagtyň özünde, söwdanyň medeniýeti ýokarlandyrylmalydyr. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, häzirki döwürde dünýäde guş etine bolan isleg yzygiderli artýar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda bu önümi artdyrmak üçin zerur çäreleri görmek wajypdyr.

Soňra Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew ulag-aragatnaşyk ulgamlarynyň işini ösdürmek, bu ugurda ýurdumyzyň oňyn başlangyçlaryny durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, soňky ýyllarda Türkmenistan bu ulgamda halkara gün tertibiniň meselelerini netijeli çözmekde möhüm orun eýeleýän ýurda öwrüldi. Ýurdumyzyň köpugurly üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça öňe sürýän teklipleri dünýä bileleşiginiň giň goldawyna eýe bolýar. Häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň dünýä ähmiýetli başlangyçlarynyň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde ýurdumyzda üstaşyr ulag geçelgeleriniň işiniň kämilleşdirilmegine uly üns berilýär. Şeýlelikde, dürli ugurlar boýunça halkara ulag geçelgeleri işjeňleşdirilýär.

Transkontinental ulag geçelgelerini ösdürmekde Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portuna möhüm ornuň degişlidigini belläp, agentligiň ýolbaşçysy bu babatda degişli işleriň yzygiderli dowam etdirilmeginiň halkara ugurlar boýunça ýük daşamalaryň we ýolagçy gatnatmagyň möçberini artdyrmaga giň mümkinçilikleri açjakdygyny aýtdy. Şeýlelikde, Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça utgaşykly görnüşdäki ulag-logistika düzüminiň köptaraply ulgamy döredilýär. Şeýle hem bu babatda bilelikdäki ulag-logistika merkezlerini döretmek, häzirki zaman ulag düzümlerini netijeli we doly kuwwatynda ulanmak ugrunda toplumlaýyn işleriň amala aşyrylýandygy barada giňişleýin maglumat berildi.

Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň ulag we kommunikasiýalar toplumynyň ähli düzümleriniň öňünde anyk wezipeleriň kesgitlenendigini, olaryň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň, halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň häzirki döwrüň möhüm talaby bolup durýandygyny belledi. Şunda üstaşyr ulag geçelgeleriniň mümkinçiliklerini doly güýjünde peýdalanmak bilen bir hatarda, aragatnaşyk ulgamynyň işini kämilleşdirmek meselelerine-de aýratyn ähmiýet berilmelidir. Bu barada aýtmak bilen, Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzda sanly ulgamy ösdürmek, şunda internet ulgamynyň işini döwrebap derejede kämilleşdirmek meseleleriniň ähmiýetlidigini aýdyp, bu ugurda durmuşa geçirilýän işleri üstünlikli dowam etdirmegi tabşyrdy.

Soňra Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýewe söz berildi. Ol çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak we raýatlaryň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, ozal berlen tabşyryga laýyklykda, ýaşlaryň söweşjeň taýýarlygy bilen bir hatarda, olaryň hünär eýeleri bolmaklary ugrunda degişli işler alnyp barylýar. Şol bir wagtyň özünde, goşunlara kabul edilýän esgerleri harby gulluga dabaraly ýagdaýda ugratmak, harby gulluk möhletini tamamlan esgerleri ätiýaja goýbermek çäreleri ýörite meýilnama esasynda amala aşyrylýar. Ýaş esgerleriň arasynda merdana pederlerimiziň edermenlik, watansöýüjilik we batyrlyk ýaly häsiýetleriniň mysalynda wagyz-nesihat işleri yzygiderli geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleriniň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmaklarynda ýörite duşuşyklar guralýar.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri ýaşlaryň döwrebap derejede gulluk etmekleri, amatly dynç alşy we ýaş serkerdeleriň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň gowulandyrylmagy ugrunda alada edilýändigi üçin ähli harby gullukçylaryň adyndan türkmen halkynyň Milli Liderine tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Gahryman Arkadagymyz çagyryş boýunça harby gullugy geçýän esgerleri harby gullukdan boşatmak we ýaş raýatlary harby gulluga çagyrmak çäreleriniň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmelidigine ünsi çekip, bu işleriň toplumlaýyn häsiýete eýe bolmalydygyny we oňa örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini belledi. Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri ýaşlaryň mähriban halkymyza, eziz Watanymyza ak ýürekden wepaly gulluk etmekleri, olaryň mukaddes harby borçlaryny üstünlikli ýerine ýetirmekleri ugrunda ähli zerur tagallalary etmegi tabşyrdy.

Milli Liderimiz şu günki mejlisde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy mejlisinde Garaşsyz döwletimiziň ösüşinde gazanylan üstünlikleriň, ýetilen sepgitleriň, ýerine ýetirilen işleriň jeminiň jemlenendigini belledi. Şeýle hem döwrüň talaplaryndan, täze ykdysady şertlerden ugur alyp, täze taryhy döwürde öňümizde durýan möhüm wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow demokratik ýörelgeleriň türkmen halkynyň asylly däp-dessurlarynyň biridigini, onuň gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýandygyny belläp, wajyp meseleleri ara alyp maslahatlaşmak däbiniň gadymy döwürlerden bäri gelýändigini nygtady. Häzirki döwürde bu ýörelgeler ösüşiň özenine, ileri tutulýan wezipeleri çözmekde jemgyýetiň hereketlendiriji güýjüne öwrüldi. Olarda milli özboluşlylyk aýdyň beýanyny tapýar. «Maslahatly biçilen don gysga bolmaz» diýlişi ýaly, bu ýörelge müňlerçe ýyl bäri türkmen halkynyň durmuşynda dowam edip gelýän demokratik ýörelgeleriň biridir diýip, hormatly Arkadagymyz belledi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow gün tertibine girizilen meselelere seredilendigini aýdyp, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisini tamamlady we oňa gatnaşanlaryň ählisine işde üstünlikleri, öňde goýlan wezipeleri çözmäge mynasyp goşant goşmagy arzuw etdi.