NURY HALMÄMMEDOWYŇ SAZY ASTYNDA GEÇEN AGŞAM
Tanymal türkmen kompozitory Nury Halmämmedowyň 85 ýyllygyna bagyşlanan aýdym-saz festiwalynyň çäginde 2023-nji ýylyň 29-njy oktýabrynda Mukamlar köşgünde Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmen döwlet simfoniki orkestriniň konserti boldy. Onda ýekeje boş orun hem ýokdy.
Konsert maksatnamasyny Nury Halmämmedowyň sazyna döredilip, häzire çenli meşhurlygyny saklap gelýän «Aşgabat» aýdymy açdy. Özi-de, aýdymyň beýany bolan wideoşekiller paýtagtymyzyň 60-njy ýyllardaky görküni görkezýärdi. Nury Halmämmedow Geldi Bäşiýewiň sözlerine bu aýdymy döredende, ony, ýagny paýtagtymyzy şeýle görüpdi. Şol döwürde bolşy ýaly, aýdymy häzirki döwürde-de Türkmenistanyň halk artisti Atageldi Garýagdyýew aňrybaş ussatlyk bilen ýerine ýetirdi.
Şowhunly el çarpyşmalar ýatan badyna, tomaşaçylar Nury Halmämmedowyň sazlaryny ýazan filmleriniň älemine çümdi. Bu nukdaýnazardan olaryň iň ähmiýetlisi «Şükür bagşy» filmidir. Diňleýjiler ýene-de iki bagşynyň arasyndaky aldym-berdimli bäsleşigiň muşdagy boldular. Umuman aýdylanda, bu filmde baş gahryman Nury Halmämmedowyň sazy bolup, iki bäsdeş: biri agasyny ýesirlikden azat etmek, beýlekisi bolsa han köşgündäki ornuny saklamak üçin sazy ýarag edinip, «jan gerekmi, pyçak?» urşuny alyp barýardy.
Tomaşaçylar simfoniki orkestriň sazy astynda «Keçpelek» we «Mukamyň syry» filmlerinden parçalara tomaşa edenlerinde, olaryň gahrymanlaryna ýene bir gezek duýgudaşlyk kölüne batdylar.
«Japbaklar» filmindäki saz parçalary bolsa garagol, emma ýiti akylly doganlaryň çykarýan hokgalary bilen tomaşaçylary gyzyklandyrdy.
«Aýgytly ädim» filmi Gözel Annahanowadyr Begenç Moşşyýew tarapyndan ajaýyp ýerine ýetirilen «Aýnanyň balladasy» we «Artygyň aýdymy» bilen diňleýjileri özüne bendi etdi.
Konsert maksatnamasynda Atageldi Garýagdyýewiň, simfonik orkestriň we Türkmen döwlet horunyň ýerine ýetiren «Serhetçiniň aýdymy», «Rekwiem»-iň 2-nji we 3-nji bölümleri hem bardy.
Konsert Rejep Rejebowyň simfoniki orkestr tarapyndan ýerine ýetirilen «Türkmenistan» simfoniýasy bilen tamamlandy. Bu ýerde wideo filmler ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan haýran galdyryjy özgerişliklerini beýan edýän häzirki ak mermerli Aşgabady görkezdi. Konserte gatnaşan aýdymçylaryň ählisi: Gurbanmyrat Jumanyýazow, Atajan Hemraýew, Gözel Annahanowa we Begenç Moşşyýew dagy simfoniýa ýekelikde aýdym aýdýan Atageldi Garýagdyýewiň ýanyna çykdy.
Zalda oturanlar Nury Halmämmedowa goýýan hormaty we onuň eserlerini uly ussatlyk bilen ýerine ýetirendikleri üçin sazandalary we aýdymçylary şowhunly el çarpyşma bilen alkyşladylar.