TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SERDAR BERDIMUHAMEDOWYŇ TÜRKMEN-TÜRK IŞEWÜRLIK MASLAHATYNDAKY ÇYKYŞY
(Ankara şäheri, 2023-nji ýylyň 26-njy oktýabry)
Hormatly işewür toparlaryň wekilleri!
Gadyrly dostlar!
Ilki bilen, hemmäňizi tüýs ýürekden mübärekleýärin hem-de şu günki işewürlik maslahatynyň guralandygy üçin Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşigine, Daşary ykdysady gatnaşyklar guramasyna minnetdarlyk bildirmek isleýärin.
Biz iki ýurduň işewür adamlarynyň duşuşyklaryny yzygiderli geçirip, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ugurlarynydyr mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşýarys. Şu duşuşykda hem netijeli gepleşiklerimizi dowam etdirmegi maksadalaýyk hasaplaýarys. Onuň dowamynda ikitaraplaýyn hereketlerimize hil taýdan täze itergi berjek, mundan soňra ediljek bilelikdäki işler boýunça anyk meselelere seretmäge ýardam etjek pikir alyşmalaryň boljakdygyna ynanýaryn.
Işewürlik maslahatymyza gatnaşýanlaryň hemmesine sagbolsun aýdýaryn. Araňyzda uzak ýyllaryň dowamynda Türkmenistanda netijeli işleri alyp baran kompaniýalaryň wekillerini hem görmek bizi begendirýär.
Hormatly maslahata gatnaşyjylar!
Garaşsyzlyk ýyllarynda türk kompaniýalary Türkmenistanda kiçi, orta we iri ýüzlerçe taslamanyň durmuşa geçirilmegine gatnaşdylar. Şunuň bilen birlikde, häzirki tapgyrda Türkmenistanda dürli senagat pudaklarynda, medeni-durmuş ugurlarynda giň möçberli taslamalaryň meýilleşdirilýändigini bellemek gerek. Olar innowasiýalara we ýokary tilsimatlara esaslanýan inženerçilik pikirlerini, baý tehniki tejribeleri, ussatlygy talap edýär. Şonuň üçin biz agzalan taslamalary, aýratyn-da, döwrebap “akylly” şäher ýörelgelerine laýyklykda bina ediljek “Aşgabat-siti” konsepsiýasyny we Arkadag şäherinde guruljak senagat klasterini bilelikde işlemek üçin Türkiýäniň işewür toparlaryny Türkmenistana çagyrýarys.
Türkmenistan daşary ýurtlar bilen maýa goýumlar babatda hyzmatdaşlygy ösdürmäge ähmiýet berýär. Bu ýerde esasy maksat ýurdumyzda durmuşa geçirilýän iri energetika we infrastruktura taslamalaryna daşary ýurt maýalaryny çekmekden ybarat bolup durýar. Şeýlelikde, biziň öňümizde işlemek üçin giň meýdança açylýar. Şunuň bilen baglylykda, bilelikdäki maýa goýum gaznasyny hem-de maýa goýumlar boýunça bilelikdäki iş toparyny döretmegi teklip edýäris. Şol bir wagtda, türk maýadarlarynyň we senagatçylarynyň ýurdumyzda alyp barýan işlerini maliýe taýdan düzgünleşdirmek maksady bilen, Türkiýäniň käbir uly banklarynyň Türkmenistanda şahamçasyny açmak meselesine seretmegi hem makul görýäris.
Ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyzda energetika ulgamy giň orun tutýar. Bu ýerde gürrüň türkmen energiýa serişdeleriniň, hususan-da, elektrik energiýasynyň we tebigy gazyň Türkiýä iberilmegi barada barýar. Türkmenistan energiýa serişdelerini öndürýän, üstaşyr geçirýän we sarp edýän taraplaryň bähbitlerini deň derejede göz öňünde tutmak ýörelgesinden ugur alyp, türkiýeli hyzmatdaşlar bilen bu ugurda özara hereketlere açykdyr.
Ulag-kommunikasiýa pudagy möhüm we geljegi uly ugurlaryň biri bolup durýar. Häzirki döwürde biziň ýurdumyzda täze ulag desgalarynyň, awtomobil we demir ýol geçelgeleriniň giň gerimli gurluşyk işleri alnyp barylýar, howa, deňiz menzilleriniň durky täzelenýär. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň ulag edaralarynyň, assosiasiýalarynyň, kompaniýalarynyň arasynda yzygiderli esasda iş duşuşyklaryny geçirmegi teklip edýäris. Mundan başga-da, ulag-kommunikasiýa ulgamynda hyzmatdaşlygy güýçlendirmek, işleri utgaşdyrmak we sazlaşykly alyp barmak maksady bilen, döwlet ulag edaralarynyň hem-de hususy ulag-logistika kompaniýalarynyň gatnaşmaklarynda bilelikdäki ulag-logistika merkezini döretmegi maksadalaýyk hasaplaýarys.
Häzirki döwürde oba hojalygy pudagy ykdysadyýetiň möhüm ugurlarynyň hatarynda orun alýar. Biziň esasy wezipämiz ýurtlarymyzyň azyk howpsuzlygyny üpjün etmekden we bu ugurda halkara tagallalara goşant goşmakdan ybarat bolup durýar. Şol sebäpli biz Türkmenistanda oba hojalygy we agrosenagat pudagyna köp mukdarda maýa goýýarys, onuň maddy-tehniki binýadyny yzygiderli kämilleşdirýäris. Şunuň bilen birlikde, oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, tohumçylyk we seçgiçilik ulgamyny ösdürmek, täze tilsimatlary önümçilige ornaşdyrmak babatda Türkiýe bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegi we tejribe alyşmagy teklip edýäris. Bu ugurlarda ýöriteleşen türk kompaniýalary bilen özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmaga taýýardygymyzy beýan edýäris.
Bu gün tutuş dünýä howanyň üýtgemegi we beýleki ekologik wehimler bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Şeýle şertlerde suw hojalygy pudagynyň ähmiýeti yzygiderli artýar. Biz ýurtda suw üpjünçilik hem-de suw paýlama ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmagy meýilleşdirýäris. Bu derwaýys pudakda sebit we halkara hyzmatdaşlyga ähmiýet berýäris. Şunuň bilen baglylykda, suw serişdelerini rejeli ulanmak we suw tygşytlaýjy tilsimatlary ornaşdyrmak babatda netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmak baş wezipelerimiziň biri bolup durýar. Galyberse-de, anyk taslamalar hökmünde Garagum derýasynyň hanasynyň hem-de ýan kanallarynyň infrastrukturasynyň täzelenmegi we giňeldilmegi ýaly taslamalar barada bellemek bolar. Bu ugurlarda hem degişli türk kompaniýalary bilen ysnyşykly hereketleri alyp barmaga taýýardygymyzy nygtamak isleýäris.
Senagat pudagynyň ösüşi we önümçilik kooperasiýasy milli ykdysadyýetimiziň ileri tutulýan bir bölegi bolup durýar. Bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmak hem-de ösdürmek boýunça degişli işler geçirilýär.
Häzirki şertlerde ykdysadyýetiň ösmeginde ylmyň we tehnikanyň orny gün-günden ýokarlanýar. Şunlukda, ýurtlarymyzyň täze talaplara laýyk ösmegi we döwür bilen aýakdaş gitmegi möhüm bolup durýar. Şu derwaýys wezipeden ugur alyp, ylym-tehnika ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmegi teklip edýäris. Onuň çäklerinde iki ýurduň maglumat tilsimatlary pudagynda ýöriteleşen kompaniýalarynyň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmagy zerur hasaplaýarys. Bu ugurlarda bilelikdäki işleri alyp barmaga türkmen tarapynyň taýýardygyny beýan edýäris.
Hormatly maslahata gatnaşyjylar!
Umuman, türkmen tarapy Türkiýe bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmagy maksat edinýär. Bu günki duşuşykda öňümizde duran uly wezipeler we hyzmatdaşlygyň täze görnüşleri barada maslahat edýäris. Biz iki tarap üçin hem bähbitli bolan netijeli pikirleridir teklipleri hoşallyk bilen kabul etmäge taýýardyrys. Ýurtlarymyzyň, hususan-da, işewür toparlarymyzyň bu meselelere tagalla bilen çemeleşjekdiklerine ynanýaryn. Ara alyp maslahatlaşmalary şu ýylyň 6 — 8-nji dekabrynda Türkmenistanda guraljak Türkiýäniň eksport harytlarynyň sergisiniň çäklerinde hem dowam etdirmek bolar. Şol sebäpli nobatdaky Türkmen-türk işewürlik maslahatyny Aşgabatda geçirmegi teklip edýärin.
Duşuşygyň ýokary derejede guralandygy we siziň öňüňizde çykyş etmäge mümkinçilik döredilendigi üçin ýene bir gezek minnetdarlyk bildirýärin. Iş maslahatynyň üstünlikli geçmegini, oňa gatnaşýanlaryň hemmesine berk jan saglyk, abadançylyk we uly üstünlikleri arzuw edýärin.