ÝHHG TÜRKMENISTANDA GÜNÜŇ ENERGIÝASY BOÝUNÇA MASLAHATLAŞMALARY GURNAMAKDA ÝAKYNDAN ÝARDAM ETDI

2018-nji ýylyň 17-nji aprelinde Aşgabatda ÝHHG-niň ýakyndan ýardam bermeginde Türkmenistanda günüň energiýasy boýunça ýol kartasyny işläp düzmeklige bagyşlanan «tegelek stol» geçirildi.

Maslahata Energetika ministrliginiň, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky Döwlet komitetiniň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Gün energiýasy institutynyň wekilleri, Marynyň Türkmen döwlet energetika institutynyň mugallymlary, şeýle hem beýleki daşky gurşawy goramak bilen bagly ygtyýarlandyrylan döwlet edaralarynyň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň Mary şäheriniň Türkmen döwlet energetika instituty bilen bilelikde gurnan bu çäresiniň esasy maksady günüň energiýasy boýunça ýol kartasynyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmakdan we ony işläp düzmek baradaky tekliplere garamakdan ybaratdyr.

 «Biziň şu günki «tegelek stoluň» başynda geçiren maslahatlaşmalarymyz gaýtadan dikeldilýän energiýa ulgamynda pudagara hyzmatdaşlygy we milli dialogy çuňlaşdyrmak ugrundaky möhüm ädim boldy. Milli edaralaryň ýol kartasyny işläp düzmeklige özleriniň ýolbaşçylyk etmegini nazarda tutup, ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkezi ÝHHG-niň agza döwletleriniň öňdebaryjy tejribelerini alyşmaga we öz ýgtyýarlyklarynyň çäklerindäki başga-da ýardamlary bermäge taýýardyr», diýip, ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň ýolbaşçysy, Ilçi Natalýa Drozd aýtdy.

«Tegelek stoluň» başynda geçirilen maslahatlaşmalaryň dowamynda milli bilermenler Türkmenistanda günüň energiýasynyň ösüşi barada gysgaça gürrüň berdiler we döwlet bähbitleriniň nukdaý-nazaryndan ýol kartasynyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşdylar.

ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkezi bu ugurda mundan beýläk hem öz ýardamlaryny dowam etmegi meýilleşdirýär.Ýol kartasynyň gutarnykly görnüşini taýýarlamaga we beýleki agza döwletleriň alternatiw energiýa ulgamynda taslamalary amala aşyrmak boýunça halkara tehnologiýalary hem-de döwlet-hususy eýeçilik özaragatnaşyklarynyň öňndebaryjy tejribelerini alyşmaga aýratyn üns beriler.