img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
RUSSIÝA FEDERASIÝASY - MOSKWA
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY OLEG KONONENKONY GUTLADY

photo

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Roskosmos” döwlet korporasiýasynyň tälimçi-kosmonawty, instruktor, kosmonawtlar toparynyň serkerdesi, Türkmenistanyň Gahrymany Oleg Kononenkony doglan güni mynasybetli gutlady.

Pursatdan peýdalanyp, Halk Maslahatynyň Başlygy oňa tüýs ýürekden berk jan saglyk, uzak ömür we bagtyýarlyk, älem giňişligini özleşdirmek işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.