ÝHHG-NIŇ BILERMENLERI TÜRKMENISTANYŇ HÄZIRKI ZAMAN DÜNÝÄSINDE WEHIMLERE WE HOWPLARA GARŞY GÖREŞDE NETIJELI TEJRIBESINI BELLEDILER

2018-nji ýylyň 3-nji aprelinde Aşgabatda Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň häzirki zaman dünýäsinde ekstremizmiň we radikalizmiň howplaryna garşy göreşmäge köptaraplaýyn çemeleşmeler meselesine bagyşlanan iki günlük okuw maslahaty öz işine başlady.

ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkezi tarapyndan guralan çärä gatnaşmaga Türkmenistanyň dürli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, guramaçylykly jenaýatçylyga hem-de terrorçylyga garşy göreşmek boýunça halkara bilermenleri we hünärmenleri, Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň Sekretariatynyň işgärleri hem-de ABŞ-nyň, Niderlandlaryň, Finlýandiýanyň, Norwegiýanyň, Gyrgyzystanyň we Täjigistanyň degişli düzümleriniň wekilleri çagyryldy.

Okuw maslahatynyň barşynda nygtalyşy ýaly, bu ählumumy nogsanlyklara garşy durmagyň halkara ulgamynyň ýola goýulmagy, uzakmöhletleýin esasda dürli döwletleriň tagallalarynyň birleşdirilmegi netijesinde, zorukly ekstremizmiň we radikalizmiň howplaryna garşy göreşmek has netijeli bolýar.

Duşuşyga gatnaşyjylar ilatyň, aýratyn hem ýaşlaryň arasynda radikallaşmagyň öňüni almak boýunça Türkmenistanyň oňat tejribesine aýratyn üns berdiler. Döwletimiziň bitaraplyk derejesiniň hem-de sebitdäki we tutuş dünýädäki parahatçylyk dörediji ornunyň hem-de Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ösüp gelýän nesli türkmen halkynyň belent ahlak we ynsanperwerlik ýörelgeleri esasynda terbiýelemäge gönükdirilen öňdengörüjilikli hem-de oňyn syýasatynyň ekstremistik ideologiýanyň islendik ýüze çykmalaryna netijeli garşy durmaga mümkinçilik berendigi bellenildi.

Şunuň bilen baglylykda, bilermenler Türkmenistanyň bu ugurda gazanan üstünlikleriniň terrorçylyga garşy göreşmekde dünýä bileleşigi we abraýly düzümler üçin aýratyn gyzyklanma döredýändigi nygtady. Ýurdumyzyň tejribesi bolsa, şeýle transmilli howplaryň öňüni almak we garşy durmak boýunça halkara tejribesini kämilleşdirmäge ýardam edip biler.

Iki günlük halkara okuw maslahatynyň çäklerinde oňa gatnaşyjylar hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça anyk ädimleri hem-de zorlukly ekstremizme we radikalizme garşy göreşmekde dürli milli çemeleşmeleri ara alyp maslahatlaşarlar.