TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BILEN RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK

Şu gün, 2023-nji ýylyň 7-nji maýynda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Döwlet Baştutanymyz enesi, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň käbesi Ogulabat ejäniň aradan çykandygy zerarly iberen gynanç hatlary üçin dostlukly döwletiň ýolbaşçylaryna minnetdarlygyny beýan etdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow döwletara hyzmatdaşlyk barada aýdyp, türkmen-rus strategik hyzmatdaşlygynyň giň gerimli ösdürilýändigini aýratyn nygtady. Ýokary derejedäki duşuşyklar we gatnaşyklar yzygiderli esasda geçirilýär.

2022-nji ýylyň dowamynda ikitaraplaýyn görnüşde bolşy ýaly, köptaraplaýyn görnüşde hem duşuşyklaryň altysynyň geçirilendigi bellärliklidir diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady hem-de geçen ýylyň iýun aýynda Russiýa Federasiýasyna bolan ilkinji resmi saparyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny aýtdy. Şol saparyň barşynda Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak hakynda Jarnama gol çekildi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Prezident Wladimir Putine köptaraplaýyn türkmen-rus hyzmatdaşlygyny ösdürmäge we pugtalandyrmaga goşýan uly goşandy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Dostlukly ýurduň Lideri hoşniýetli sözler üçin hoşallyk bildirip, gol çekilen Jarnamanyň hem-de bilelikdäki işleriň tutuş toplumynyň ikitaraplaýyn döwletara gatnaşyklary ösdürmegiň bähbidine hyzmat etjekdigine ynam bildirdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda hormatly Prezidentimiz parlamentara gatnaşyklaryň hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň hatarynda kesgitlenendigini nygtap, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçen ýylyň noýabrynda Moskwa we Russiýanyň Döwlet Dumasynyň Başlygynyň şu ýylyň ýanwarynda Aşgabada amala aşyran saparlarynyň ähmiýetini belledi. Şunuň bilen bir hatarda, iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça durmuşa geçirilýän netijeli hyzmatdaşlygyň wajypdygy nygtaldy.

Söhbetdeşligiň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Beýik Watançylyk urşunda faşizme garşy gazanylan Ýeňşiň umumy taryhy hakydada aýratyn orun eýeleýändigini nygtady. Russiýada bolşy ýaly, Türkmenistanda-da şol ýowuz ýyllarda Ýeňiş gazanmak ugrunda söweş meýdanlarynda ýurdy goranlara hem-de tylda janyny aýaman zähmet çekip, Ýeňşi ýakynlaşdyranlara sarpa goýulýandygy bellenildi.

Biz Ýeňiş üçin janlaryny gurban edenlere çuňňur hormat goýýarys we aramyzda ýaşap ýören uruş weteranlary alada bilen gurşaýarys, geljekde-de bu baradaky meselä uly üns berler diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Wladimir Putin Beýik Watançylyk urşunda gazanylan ýakynlaşyp gelýän Ýeňiş güni bilen birek-biregi mähirli gutlap, iki ýurduň halklaryna abadançylyk we rowaçlyk baradaky arzuwlaryny aýtdylar.

Pursatdan peýdalanyp, Russiýa Federasiýasynyň Baştutany türkmen kärdeşini Beýik Ýeňşiň 78 ýyllygy mynasybetli Moskwada geçirilmegi meýilleşdirilýän çärelere gatnaşmaga çagyrdy.

Hormatly Prezidentimiz çakylyk üçin dostlukly döwletiň Liderine minnetdarlyk bildirdi.

Söhbetdeşligiň ahyrynda Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Wladimir Putin iki ýurduň hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlyga taýýardygyny tassyklap, Türkmenistanyň hem-de Russiýanyň dostlukly halklaryna ýene-de bir gezek abadançylyk, mundan beýläk-de rowaçlyk baradaky hoşniýetli arzuwlaryny aýtdylar.