TÜRKMENISTAN – ABŞ: HYZMATDAŞLYGYŇ TÄZE GÖZÝETIMLERI

Ýurdumyzyň wekiliýetiniň ýakynda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna bolan iş saparynyň çäklerinde geçirilen ikitaraplaýyn duşuşyklar we gepleşikler türkmen-amеrikan gatnaşyklarynyň ösdürilmegine täze itergi berdi.

Mälim bolşy ýaly, dünýä döwletleri, şol sanda ABŞ bilen köptaraply hyzmatdaşlygy ösdürmek hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän daşary syýasat strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar.

24-nji aprelde ABŞ-nyň Döwlet departamentinde türkmen tarapyndan Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowyň we amerikan tarapyndan Döwlet sekretarynyň kömekçisiniň wezipesini ýerine ýetiriji Elizabet Horstyň ýolbaşçylygyndaky iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda her ýyl geçirilýän syýasy geňeşmeleriň dokuzynjy raundynyň guralmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. 

Geçirilmegi asylly däbe öwrülen her ýylky duşuşygyň ähmiýeti barada aýdyp, gepleşiklere gatnaşyjylar ikitaraplaýyn geňeşmeleriň bilelikdäki wezipeleri ara alyp maslahatlaşmak, şeýle hem deňhukukly, ynanyşmak we birek-birege hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan türkmen-amerikan gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin netijeli binýat bolup durýandygy bellenildi.

Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň wajyp meseleleri we möhüm ugurlary boýunça gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalaryň dowamynda taraplaryň bar bolan ägirt uly mümkinçilikleri we iki dostlukly ýurduň durmuş-ykdysady ösüşiniň esasy ugurlarynyň umumylygyny nazara alyp, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky gatnaşyklary ösdürmäge meýillidigini tassykladylar. 

Howpsuzlygy üpjün etmek, söwda-ykdysady, ekologiýa, medeniýet, bilim we beýleki ugurlardaky gatnaşyklary ösdürmek döwletara hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlarynyň hatarynda görkezildi. 

Şeýlelikde, däp bolan medeni we bilim ulgamyndaky gatnaşyklara ygrarlydyklaryny tassyklap, taraplar bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekdiler. Bu resminama umumy pikire görä, döwletara gatnaşyklarynyň möhüm ugrunda bilelikdäki tagallalary dowam etmek üçin binýat bolup hyzmat eder.

Halkara parahatçylygyny, howpsuzlygyny we durnukly ösüşi saklamakda Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesine we onuň alyp barýan daşary syýasat doktrinasyna ýokary baha berildi. 

Şeýle hem nobatdaky duşuşyga gatnaşyjylar Merkezi Aziýa we ABŞ üçin “С5+1” sebitleýin diplomatik binýada goldaw bermegiň zerurdygyny nygtadylar we iki ýurduň arasynda syýasy gatnaşyklary ösdürmek boýunça işiň täze usullary bilen baglanyşykly meselelere garamaga taýýardyklaryny mälim etdiler. 

Taraplaryň ylalaşygy boýunça her ýylky ikitaraplaýyn geňeşmeleriň nobatdaky bölümi 2024-nji ýylda Aşgabatda geçiriler. 

Wise-premýer, ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy R.Meredowyň ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken bilen bolan duşuşygy ABŞ-a bolan iş saparynyň esasy wakalarynyň birine öwrüldi.

Diplomatlar iki ýurduň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, şeýle hem iri halkara guramalarynyň we abraýly düzümleriň çäklerinde iki ýurduň arasyndaky köpugurly gatnaşyklaryň ösdürilmegine ygrarlydyklaryny tassykladylar we sebitara hem-de halkara gün tertibiniň ikitaraplaýyn möhüm meselelerini, şeýle hem Owganystandaky ýagdaýy kadalaşdyrmak we owganara gatnaşyklaryny öňe ilerletmek wezipelerini ara alyp maslahatlaşdylar. 

Taraplar Merkezi Aziýa döwletleri bilen ABŞ-nyň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň, parahatçylygy, durnuklylygy we sebitde howpsuzlygy saklamagyň möhüm şerti bolup durýandygyny bellediler. Şunuň bilen baglylykda, howpsuzlyk, ykdysady, energetika we howanyň üýtgemegi ýaly ugurlarda “С5+1” çäklerinde hyzmatdaşlygy ösdürmek ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň özenini düzdi. 

Duşuşygyň çäklerinde türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň birnäçe möhüm ugurlarynyň esasy mümkinçilikleri boýunça pikir alşyp, söhbetdeşler iki ýurduň häzirki zamanyň birnäçe möhüm meseleleri boýunça garaýyşlarynyň ýakyndygyny ýa-da doly gabat gelýändigini kanagatlanma bilen bellediler. Bu bolsa olara dünýä giňişliginde netijeli gatnaşyklary ösdürmäge mümkinçilik berýär.

Şunuň bilen baglylykda, Entoni Blinken türkmen tarapynyň häzirki döwrüň ählumumy meseleleriniň bilelikdäki çözgüdini gözlemäge gönükdirilen halkara başlangyçlaryna ýokary baha berdi we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň sebitde hem-de tutuş dünýäde durnuklylygy, howpsuzlygy we ösüşi üpjün etmek üçin Türkmenistan bilen bilelikde mundan beýläk-de zerur tagallalary etmäge taýýardygyny nygtady. 

Saparyň dowamynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary ABŞ-nyň Smitson institutynyň Aziýa sungaty milli muzeýiniň direktory Çeýz Robinson bilen duşuşdy. 

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanda muzeý işini ösdürmek, milli mirasy saklamak, muzeý işgärlerini okatmak we olaryň hünär derejelerini ýokarlandyrmak işlerine goldaw bermek maksady bilen ýurdumyzyň muzeý edaralary bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýurdumyzyň wekiliýetiniň Türkmen-Amerikan Işewür geňeşiniň baştutany Erik Stýuart bilen bolan duşuşygyň çäklerinde birnäçe möhüm ugurlardaky döwletara gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we geljekki ugurlary boýunça gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy.

Duşuşyga amerikan tarapyndan ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň, belli amerikan kompaniýalarynyň birnäçesiniň, şol sanda “Aquatech International”, “«UGT Renewables”, “John Deere”, “EххonMobil», “TransСaspian Resourсes”, “Westport Trading Limited” ýaly belli kompaniýalaryň wekilleri gatnaşdylar.

Özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge goldaw bermek maksady bilen döredilen Türkmen-Amerikan Işewür geňeşiň işiniň netijeleri barada aýdyp, gepleşiklere gatnaşyjylar amerikan kompaniýalaryny ýurdumyzyň mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan ösüşine gönükdirilen bilelikdäki täze taslamalary durmuşa geçirmäge çekmegiň hasabyna gatnaşyklaryň çägini giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň alyp barýan “açyk gapylar” syýasaty we türkmen bazarynyň uly geljeginiň bardygyny alamatlandyrýan amatly maýa goýum ýagdaýynyň döredilmegi daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň has-da işjeň çekilmegi üçin oňyn şertleri üpjün edýär. 

Döwletara gatnaşyklarynyň özara ynanyşmak häsiýete eýe bolmagy Türkmenistana we ABŞ-a diňe bir ozal gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklary durmuşa geçirmäge däl, eýsem, köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny döretmäge mümkinçilik berýär. Şunda söwda-ykdysady, nebitgaz we energetika pudaklarynda, oba hojalygynda, ulag we aragatnaşykda, bilim hem-de beýleki ugurlarda netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilýändigi bellenildi. Hususan-da, gaz-himiýa pudagynda, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri we wodorod energetikasy ýaly ugurlarda ägirt uly geljegi bolan taslamalary amala aşyrmak boýunça pikir alyşmalar boldy. 

Şeýle hem daşky gurşawy goramak, şol sanda metanyň zyňyndylaryny azaltmak meselelerini çözmek babatda özara gatnaşyklaryň wajypdygy nygtaldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 2021-nji ýylyň noýabr aýynda Glazgo şäherinde geçirilen BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 26-njy maslahatynda (COP26) öňe süren başlangyçlary esasynda bu möhüm ugurda iş alyp barmak boýunça ylalaşyklar gazanyldy. 

Öňdebaryjy amerikan kompaniýalarynyň Türkmenistanyň oba we suw hojalygy üçin zerur bolan oba hojalyk tehnikalaryny mundan beýläk-de ugratmaklarynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. 

Soňky ýyllarda ABŞ-nyň öňdebaryjy kompaniýalary bilen ýurdumyza ýokary hilli we Türkmenistanyň toprak-howa şertlerine doly laýyk gelýän häzirki zaman tehnikalaryny ugratmak bilen bir hatarda, bu ugur boýunça hünärmenleriň taýýarlanmagyna işjeň gatnaşmak bilen baglanyşykly meseleler möhüm wezipe hökmünde kesgitlenildi.

ABŞ-nyň işewür toparlarynyň wekilleri sazlaşykly ösýän hem-de ägirt uly ykdysady, serişde mümkinçilikleri bolan Türkmenistan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge, ýurdumyzyň döwlet we hususy düzümleri bilen täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge bolan gyzyklanmalary mälim edildi. 

Geçirilen gepleşikleriň jemleri boýunça bilelikdäki iş boýunça toplanan oňyn tejribäni, Türkmenistanyň milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen durmuş-ykdysady strategiýasynyň maksatlarynyň amala aşyrylmagyny nazara alyp, ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreleri işjeňleşdirmek babatda ylalaşyklar gazanyldy. Öňde durýan wezipelere laýyklykda, häzirki zaman sanly tehnologiýalary, innowasion işläp taýýarlamalar ikitaraplaýyn syýasy gatnaşyklarda möhüm orun eýelemelidir.

Iş saparynyň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň energetika serişdeleri boýunça kömekçisi Jeffri Paýett bilen geçirilen duşuşygyň ähmiýetini aýratyn bellemeli. 

Şunda amerikanyň öňdebaryjy işewür düzümleriniň gatnaşmagynda iri taslamalary durmuşa geçirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýurdumyzyň energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna, aýratyn-da, Ýewropa ugry boýunça ugratmak meselelerine möhüm üns berildi. Şol bir wagtyň özünde sebitara we halkara ähmiýetli giň möçberli taslamalaryň yzygiderli amala aşyrylmagynyň wajypdygy bellenildi. Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň we Türkmenistan – Owganystan – Pakistan elektrik geçiriji ulgamyň gurluşyklary wajyp taslamalaryň hatarynda görkezildi.

Waşingtonda geçirilen duşuşyklaryň we gepleşikleriň jemleri boýunça türkmen-amerikan gatnaşyklaryny mundan beýläk hem işjeňleşdirmek boýunça birnäçe anyk teklipler işlenip taýýarlanyldy. 2023-2024-nji ýyllarda hyzmatdaşlygyň “Ýol kartasyny” taýýarlamak, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň şertnamalaýyn-hukuk binýadyny berkitmek we dürli derejedäki özara saparlary guramak boýunça teklipleri işläp taýýarlamak ýaly ugurlar bar.

Bularyň hemmesi däp bolan döwletara gatnaşyklaryň ösdürilmegine, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň has netijeli görnüşlerini işläp taýýarlamaga kuwwatly itergi berer. Munuň özi Türkmenistanyň we ABŞ-nyň bähbitlerine doly laýyk gelýär hem-de iki ýurduň arasynda dostluk we özara düşünişmek gatnaşyklarynyň berkidilmegine hyzmat eder.