TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE ŞANHAÝ HYZMATDAŞLYK GURAMASYNYŇ BAŞ SEKRETARYNYŇ ORUNBASARY BILEN DUŞUŞYK BOLDY

2018-nji ýylyň 24-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlaryna Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) halkara synçylar toparyna baştutanlyk edip gelen Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary N.Akkoşkarow bilen duşuşyk boldy.

Duşuşygyň esasy mazmuny 2018-nji ýylyň 25-nji martynda boljak Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlaryna bagyşlanyldy. Saýlawlara gözegçilik etmeklikde Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň köp ýyllaryň dowamynda zerur tejribe toplandygyny taraplar belläp geçdiler. Öz gezeginde synçylar toparynyň başlygy halkara synçylaryň işlemekligi üçin zerur bolan şertleriň döredilmeginde türkmen tarapyna minnetdarlygyny bildirdi we bu möhüm jemgyýetçilik syýasy çäräni geçirmeklikde üstünlik arzuw etdi.