TÜRKMENISTANYŇ DIM-NIŇ HALKARA GATNAŞYKLARY INSTITUTYNYŇ DÖREDILMEGINIŇ 10 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANYP YLMY-AMALY MASLAHAT GEÇIRILDI

2018-nji ýylyň 20-nji martynda Aşgabatda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň döredilmeginiň 10 ýyllygyna bagyşlap «Bitarap Türkmenistanyň diplomatiýasy: taryhdan geljege» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.

Irden institutyň baş binasynyň foýesinde Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň işiniň taryhyna bagyşlanan sergi açylyp, oňa Türkmenistanyň Mejlisiniň, Ylymlar akademiýasynyň wekilleri, ýurduň ýokary okuw jaýlarynyň mugallymlary we talyplary, türkmen diplomatlary, Türkmenistanda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň hem-de missiýalaryň ýolbaşçylary, syýasatşynaslar, ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Soňra myhmanlar Halkara gatnaşyklary institutynyň muzeýine bardylar. Muzeýde mynmanlar institutyň döredilmeginiň taryhyny we 10 ýylyň dowamynda gazananlaryny şöhlelendirýän eksponatlar bilen tanyşdylar.

Maslahatyň başynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ylmy-amaly maslahatyň gatnaşyjylaryna ýüzlenmesi okaldy. Onda ýurdumyzda bilime berilýän ähmiýete we talyplara edilýän ymatlara aýratyn üns çekildi.

Maslahatyň dowamynda çykyş edenler Garaşsyz Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat işiniň pugtalandyrylmagynda we ösdürilmeginde, ýokary halkara abraýynyň gazanylmagynda we halkara ulgamynyň utgaşmasynda türkmen diplomatlarynyň eýeleýän orny aýratyn bellenilip, bu işleri durmuşa geçirmäge laýyk gelýän işgärleri taýýarlamagyň zerurlygyny bellediler. Maslahata gatnaşyjylar Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň mundan beýläk hem öz işini parahatçylygyň, howpsuzlygyň, durnukly ösüşiň üpjün edilmegine we halkara hyzmatdaşlygyny yzygiderli giňeltmegine gönükdiriljekdigini bilelikde beýan etdiler.

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler. Ýüzlenmede  hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň meselelerine berýän aýratyn ünsi üçin çuňňur minnetadarlyk bildirdiler.