TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI MERKEZI AZIÝA ÝURTLARYNYŇ DÖWLET BAŞTUTANLARYNYŇ SEBITLEÝIN IŞ DUŞUŞYGYNA GATNAŞDY

2018-nji ýylyň 15-nji martynda düzüminde Mejlisiň wekilleri bolan Türkmenistanyň wekiliýeti Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň iş duşuşygyna gatnaşdy. Gün tertibine ykdysadyýet, söwda, logistika, ulag we aragatnaşyk ýaly möhüm ugurlar boýunça sebitiň ýurtlarynyň arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmek baradaky meseleler girizildi.

 Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň maslahatyna iberen hatyny okady. Milli Liderimiziň hatynda ýakyn goňşular bilen hyzmatdaşlyk etmegiň döwletimiziň sebitiň ýurtlary bilen giň hyzmatdaşlygy maksat edinýän daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup, ikitaraplaýyn görnüşde bolşy ýaly, köptaraplaýyn görnüşde hem ähli ugurlar boýunça deňhukukly, ynanyşmak gatnaşyklarynyň öňe ilerlemegine hemmetaraplaýyn ýardam berýändigi nygtalýar.

 Türkmenistanyň Baştutany öz hatynda sebitiň ýurtlarynyň Liderlerine iň oňat arzuwlaryny, doganlyk halklara bolsa abadançylyk we gülläp ösüş baradaky arzuwyny beýan edip, ýurtlarymyzyň arasyndaky özara gatnaşyklaryň köpýyllyk baý tejribesiniň Merkezi Aziýada goňşuçylyk, dostlukly özara bähbitli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de giňeldilmegine we çuňlaşdyrylmagyna ýardam berjekdigini belledi.

Türkmen Lideriniň ýüzlenmesinde deglip geçilen meseleler Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Nursultan Nazarbaýewiň Türkmenistanyň Mejlisiniň Kada-kanunçylyk baradaky komitetiniň başlygy Serdar Berdimuhamedowy kabul edeninde bolan duşuşygyň barşynda hem öz beýanyny tapdy.

Gazak Lideri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli salam aýdyp, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagyna Türkmen döwletiniň Baştutanynyň uly goşandyny belledi hem-de Gazagystan üçin Türkmenistanyň hemişe möhüm strategik hyzmatdaş bolandygyny we şeýle bolmagynda galýandygyny nygtady.

Söhbetdeşlikde häzir sebitiň doganlyk halklarynyň arasynda özara hereket etmek boýunça täze mümkinçilikleriň açylýandygy bellenildi. Şol gatnaşyklary netijeli peýdalanmak zerur. Hususan-da, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy hem-de parlamentara gatnaşyklary ösdürmek üçin örän uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.