TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SERDAR BERDIMUHAMEDOWYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ GIŇIŞLEÝIN MEJLISINDÄKI ÇYKYŞY

Hormatly mejlise gatnaşyjylar!

Ýene-de birnäçe günden biz uly baýramy — Halkara Bitaraplyk gününi belläp geçeris. Men sizi we siziň üstüňiz bilen ähli halkymyzy Türkmenistanyň Bitaraplyk güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň ähliňize we mähriban halkyma berk jan saglyk, abadan, bagtyýar durmuş hem-de uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Hormatly watandaşlar!

Geçen ýyl Türkmenistan «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly başlangyç bilen çykyş etdi hem-de ony Birleşen Milletler Guramasynda öňe sürmek boýunça netijeli işlere başlady.

Şu ýylyň 6-njy dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň 45-nji plenar mejlisiniň dowamynda Türkmenistan tarapyndan öňe sürlen başlangyç goldanyldy we «2023-nji ýyl — Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Men ýurdumyzyň dünýä giňişliginde gazanan bu uly we möhüm üstünligi bilen sizi hem-de mähriban halkymyzy tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Hormatly Ministrler Kabinetiniň 
agzalary!

Hormatly ilçiler we konsullar!

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 8-nji iýulynda «Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasy» tassyklanyldy. Bu maksatnamalaýyn resminamada ýakyn ýedi ýyllyk döwür üçin döwletimiziň daşary syýasatynyň hem-de halkara işleriniň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenilýär, olary durmuşa geçirmek bilen bagly wezipeler we çemeleşmeler öz beýanyny tapýar.

Soňky döwürde halkara gatnaşyklar ulgamynda düýpli özgerişlikler bolup geçdi. Biz dünýäniň dürli künjeginde we sebitlerinde, şol sanda ýurdumyzyň çäkleriniň ýakynynda ýüze çykýan çylşyrymly syýasy ýagdaýlaryň şaýady bolýarys.

Şol bir wagtda soňky üç ýylda agyr şertlerde geçen we dünýäniň ykdysady gatnaşyklaryna oňaýsyz täsir eden koronawirus pandemiýasy bilen bagly ýagdaýlar indi kadalaşýar. Özara gatnaşyklary gaýtadan dikeltmek we ösdürmek üçin täze mümkinçilikler açylýar.

Bu ýagdaýlar döwletimiziň dünýä giňişliginde eýeleýän ornuny we abraýyny berkitmek, ýurdumyzyň syýasy, ykdysady we medeni bähbitlerini öňe sürmek işine has oýlanyşykly çemeleşmegi talap edýär. Şoňa görä-de, Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň täze Konsepsiýasyndan ugur alyp, ýurdumyzyň halkara bähbitlerini talabalaýyk durmuşa geçirmek zerurdyr.

Hormatly adamlar!

Biz halkara gatnaşyklarda Bitaraplyk we «Açyk gapylar» syýasatyna daýanýan, daşary syýasat strategiýasynyň esasyny düzýän binýatlyk ýörelgelerden ugur alýarys. Bu ýörelgeler ýurdumyzyň uzak möhletli milli bähbitlerini goramakdan, döwletimiziň dünýä bileleşigine has ysnyşykly goşulmagyny üpjün etmekden, ählumumy derejede ähmiýetli meseleleriň çözülmegine ýardam bermekden hem-de durnuklylygy we howpsuzlygy gorap saklamaga goşant goşmakdan ybaratdyr. Şunuň bilen baglylykda, biziň ýurdumyz milli, sebit we dünýä derejesinde parahatçylyga, howpsuzlyga hem-de durnukly ösüşe ýardam berýän möhüm halkara başlangyçlary öňe sürmek bilen, olaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi ugrunda uly tagalla edýär.

Türkmenistanyň daşary syýasaty iki ugur boýunça, ýagny ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklar hem-de halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk görnüşinde alnyp barylýar. Şundan ugur alyp, dünýäniň dürli sebitleriniň ýurtlary bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça degişli işleri geçirmeli.

Türkmenistan özüniň daşary syýasat işinde halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek we giňeltmek meselelerini ileri tutýar. Biziň ýurdumyz agza bolan halkara guramalarynyň çäklerinde kabul edilen çözgütleriň we ylalaşyklaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegine yzygiderli ýardam berýär. Şeýle hem halkara guramalar bilen bilelikde milli derejede kabul edilen uzak möhletli maksatnamalary we meýilnamalary ýerine ýetirmek boýunça zerur çäreleri geçirýär.

Halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk babatda, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasyny görkezmek bolar. Türkmenistan indi 30 ýylyň içinde bu abraýly halkara gurama bilen netijeli işläp gelýär. Milletler Bileleşigi bilen gatnaşyklarda Türkmenistan syýasy-diplomatik serişdeleriň ulanylyşyny artdyrmak, öňüni alyş diplomatiýasynyň ornuny giňeltmek, energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek, halkara ulag geçelgelerini ösdürmek, ekologiýa we daşky gurşawy goramak hem-de ynsanperwer wezipeleri yzygiderli durmuşa geçirmek ýaly strategik ugurlary hemişe öňdäki orunda goýýar. Dünýä syýasatynyň gün tertibine girýän bu derwaýys halkara meseleler Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygynyň esasy meseleleri bolup durýar.

Garaşsyz döwletimiz köp ýyllaryň dowamynda halkara guramalaryň ýöriteleşdirilen edaralaryna we düzümlerine agzalyga saýlanýar. Bu ugurda biziň ýurdumyz uly we oňyn tejribe toplady. Şol tejribäni milli we halkara bähbitlere ulanmak üçin agzalyk bilen bagly degişli işleri dowam etmeli. Hususan-da, öňümizdäki döwürde Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Statistika komissiýasyna, Çagalar Gaznasynyň Ýerine ýetiriji geňeşine, Ykdysady we Durmuş geňeşine, Howpsuzlyk Geňeşine, Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasyna hem-de beýleki düzümlerine agzalyga saýlanmagy ugrunda degişli işleri geçirmeli.

Mälim bolşy ýaly, biziň ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň mejlislerine dürli Kararnamalaryň taslamasyny taýýarlamak boýunça teklipleri hödürleýär. Häzire çenli Baş Assambleýa tarapyndan Türkmenistanyň hödürlemegi netijesinde Kararnamalaryň ençemesi kabul edildi. Häzirki 77-nji mejlisde ýurdumyz «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly Kararnamanyň taslamasyny taýýarlamagy teklip etdi. Şeýle hem 2025-nji ýyly «Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan etmek baradaky başlangyjy öňe sürdi.

Türkmenistan Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen gatnaşyklara hem uly ähmiýet berýär. Hususan-da, söwda, energetika, ulaglar, maýa goýumlar we beýleki ugurlar özara gatnaşyklaryň esasy meseleleriniň arasynda möhüm orun alýar. Bu ugurlarda döwletimiz agza ýurtlar bilen özara bähbitli we deňhukukly hyzmatdaşlyk alyp barýar. Geçen ýyl ýurdumyzyň bu gurama üstünlikli başlyklyk etmegi netijesinde, onuň işleri örän işjeňleşdi. Şoňa görä-de, Türkmenistanyň bu gurama bilen hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça teklipleri taýýarlamaly.

Ýurdumyz Türki Döwletleriň Guramasy bilen gatnaşyklaryny-da netijeli ösdürýär. Türkmenistan geçen ýylyň noýabryndan bäri guramanyň düzümine synçy derejesinde gatnaşýar. Türki Döwletleriň Guramasynyň dürli çärelerini, şol sanda ýokary derejedäki duşuşyklaryny Türkmenistanda geçirmek boýunça hem zerur bolan işleri alyp barmaly.

Türki medeniýetiň halkara guramasy bolan TÜRKSOÝ bilen hyzmatdaşlygymyz soňky ýyllarda hil taýdan täze derejä çykdy. Türkmenistan bu guramanyň maksatnamalaryna örän işjeň gatnaşýar. Ýaňy-ýakynda TÜRKSOÝ-nyň Hemişelik geňeşiniň nobatdaky mejlisinde «2024-nji ýyl — meşhur türkmen akyldar şahyry Magtymguly Pyragy ýyly» hem-de Türkmenistanyň gadymy we taryhy Änew şäheriniň «2024-nji ýyl üçin türki dünýäniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi barada çözgütler kabul edildi. Bu möhüm çäreleri ýokary derejede guramak we geçirmek üçin, indiki ýyldan başlap, bu gurama bilen bilelikde degişli taýýarlyk işlerine girişmeli.

Türkmenistan Ýewropa Bileleşigi hem-de Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen gatnaşyklaryny hem ösdürer. Bu işde ikitaraplaýyn derejede we «Ýewropa+Merkezi Aziýa» formatynyň çäginde hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça iş alyp barmaly. Şeýle hem bu guramalar bilen bilelikde taýýarlanylýan taslamalary we maksatnamalary netijeli amala aşyrmak boýunça zerur çäreleri geçirmeli.

Ýurdumyz Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde hem degişli işleri alyp barýar. Gurama tarapyndan geçirilýän çärelere, hususan-da, ykdysady forumlara işjeň gatnaşmak bilen, berkarar döwletimiz ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy has-da ösdürmegi maksat edinýär.

Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy barada aýdylanda, Türkmenistan onuň agzasy bolmasa-da, geçirilýän ýokary derejeli çärelerine yzygiderli gatnaşýar. Bu halkara guramanyň düzümine girýän ýurtlar bilen dürli ugurlarda ysnyşykly gatnaşyklary saklaýar.

Ata Watanymyzyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy bilen hyzmatdaşlygy hem giň gerimde alnyp barylýar. Türkmenistan bu guramanyň assosiirlenen agzasy hökmünde onuň işlerine işjeň gatnaşýar. Ulag, ýangyç-energetika, aragatnaşyk, bilelikdäki önümçilik, söwda, innowasiýalar we täze tehnologiýalar ýaly pudaklary hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde görkezmek bolar. 2019-njy ýylyň oktýabrynda guramanyň Aşgabatda geçirilen sammitinde hormatly Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda işlenip düzülen «GDA-nyň agza ýurtlarynyň strategik ykdysady hyzmatdaşlygy hakynda Jarnamanyň» kabul edilmegi uly ähmiýete eýe boldy. Biz Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy bilen gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek boýunça degişli işleri geçirmelidiris.

ÝUNESKO bilen gatnaşyklarymyz hem ýokary derejede alnyp barylýar. Türkmenistan bu gurama bilen hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadyny üpjün edýän 12 sany halkara konwensiýa we resminama goşuldy. Ýurdumyz ÝUNESKO-nyň hökümetara düzümlerine-de agza hökmünde işjeň gatnaşýar.

Geçen döwürde ýurdumyzda möhüm taryhy-medeni ýadygärlikler bolan Gadymy Merw, Köneürgenç we Parfiýanyň Nusaý galalary bu guramanyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Şeýle hem halkymyzyň «Görogly» şadessany, «Küştdepdi» aýdym-saz sungaty, halyçylyk sungaty hem-de dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawynda mynasyp orun eýeledi. Mundan başga-da, şu ýylyň 1-nji dekabrynda ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy gorap saklamak boýunça hökümetara komitetiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň dostlukly ýurtlar bilen bilelikde hödürlemeginde türkmen keşdeçilik sungaty, Molla Ependiniň şorta sözlerini gürrüň berijilik däbi hem-de ýüpekçilik we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleri bu guramanyň Maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşuldy.

Türkmenistan mundan beýläk hem ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge çalşar.

Garaşsyz döwletimiziň ikitaraplaýyn gatnaşyklary barada aýdylanda, biz bu ugurda milli bähbitlerimizden we bitarap daşary syýasatymyzdan ugur alyp, ähli döwletler bilen özara bähbitli we deňhukukly syýasy, ykdysady we medeni hyzmatdaşlygy alyp barýarys.

Russiýa Federasiýasy bilen özara gatnaşyklarymyz strategik häsiýete eýedir. Şu ýylyň iýun aýynda meniň bu ýurda bolan resmi saparymyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary, hususan-da, howpsuzlyk, energetika, ulaglar, oba hojalygy, söwda, maliýe-bank ulgamy, bilim, medeniýet we lukmançylyk pudaklary boýunça bilelikdäki hereketleri has-da ösdürmek boýunça ylalaşyklar gazanyldy.

Biziň döwletimiz bitaraplyk derejesinden ugur alyp, Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen gyradeň esasda gatnaşyklary saklaýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda iri amerikan kompaniýalary bilen netijeli ykdysady hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Geljekde syýasy, howpsuzlyk, söwda-ykdysady, medeni-bilim, saglygy goraýyş we sport ugurlarynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça zerur çäreleri görmelidiris.

Hytaý Halk Respublikasy Türkmenistanyň ygtybarly we strategik hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar. Türkmen-hytaý gatnaşyklary Garaşsyzlyk ýyllarynda anyk taslamalaryň durmuşa geçirilmegi netijesinde, belent sepgitlere çykdy. Häzirki wagtda syýasy gatnaşyklar ýokary derejede ýola goýuldy.

Men bu dostlukly döwlet bilen köptaraplaýyn gatnaşyklarymyzy mundan beýläk-de ösdürmek we giňeltmek boýunça çäreleri görmegi zerur hasaplaýaryn.

Merkezi Aziýa döwletleri bolan Gazagystan, Gyrgyzystan, Özbegistan we Täjigistan biziň goňşy we dost-doganlyk ýurtlarymyz bolup durýar. Bu ýurtlar bilen gatnaşyklar Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Soňky birnäçe ýylyň dowamynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygymyz hil taýdan ýokary derejä çykdy. Şu ýylda bu ýurtlaryň döwlet Baştutanlary bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn çäreleriň çäklerinde birnäçe gezek duşuşyklarymyz boldy. Gepleşiklerde Türkmenistan bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda möhüm ylalaşyklar gazanyldy hem-de degişli teklipler öňe sürüldi.

Eýran we Owganystan goňşy ýurtlarymyz bolup durýar. Bu ýurtlar bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklarymyz kadaly tertipde ösýär. Hususan-da, Eýran Yslam Respublikasy bilen häzirki wagtda energetika, ulag, söwda we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça zerur çäreler amala aşyrylýar.

Türkmenistanyň daşary syýasatynda Türkiýe Respublikasyna giň orun berilýär. Bu döwlet bilen dost-doganlyk gatnaşyklarymyz ýylsaýyn ösýär we giňeýär. Biz strategik derejede alnyp barylýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygymyzy ähli ugurlarda mundan beýläk-de kämilleşdireris.

Belarus, Ukraina, Moldowa, Azerbaýjan, Ermenistan we Gruziýa bilen gatnaşyklarymyz hem durnukly derejede alnyp barylýar. Biz bu döwletler bilen özara hereketlere ähmiýet berip, hyzmatdaşlygy täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga çalyşýarys. Geljekde hem bu ýurtlar bilen bilelikdäki hereketleri giňeltmek we çuňlaşdyrmak üçin zerur tagallalary etmelidiris.

Aziýa — Ýuwaş umman sebiti hem biziň üçin möhüm ugurlaryň biridir. Şoňa görä-de, Ýaponiýa, Hindistan, Pakistan, Koreýa Respublikasy, Malaýziýa we beýleki ýurtlar bilen özara bähbitli hem-de deňhukukly gatnaşyklary has-da ösdürmegi meýilleşdirýäris.

Hazar sebitiniň ýurtlary bilen hyzmatdaşlyk hem netijeli alnyp barylýar. Biz şu ýylyň 29-njy iýunynda Aşgabatda altynjy Hazar sammitini ýokary derejede geçirdik. Onuň dowamynda seredilen meseleler we gazanylan ylalaşyklar Hazarýaka döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygyň has-da ösmegine ýardam berer diýip pikir edýärin.

Türkmenistan bilen Ýewropa ýurtlarynyň arasyndaky gatnaşyklar hem döwletimiziň halkara işlerinde wajyp orny eýeleýär. Bu ýurtlar bilen özara hereketleri işjeňleşdirmegi möhüm hasaplaýaryn.

Türkmenistan Ýakyn Gündogar ýurtlary bilen hyzmatdaşlygyň hemmetaraplaýyn berkidilmegine uly ähmiýet berýär. Şoňa görä-de, Saud Arabystany Patyşalygy, Birleşen Arap Emirlikleri, Bahreýn Patyşalygy, Katar Döwleti, Kuweýt Döwleti we Oman Soltanlygy bilen hemmetaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmelidiris.

Biz Ýakyn Gündogar sebitinde ýerleşýän Ysraýyl Döwleti we Palestina bilen gatnaşyklarymyza uly üns berýäris we geljekde bu ýurtlar bilen hyzmatdaşlygymyzy ösdürmek üçin ähli zerur işleri geçirmelidiris.

Türkmenistan Afrika ýurtlary bilen hem hyzmatdaşlygy giňelder. Daşary syýasatymyzyň bu ugruny ösdürmek üçin Afrika yklymynyň ýurtlary bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýmagy mundan beýläk-de dowam etdirmeli.

Biz ýurdumyzyň halkara ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça hem uly tagalla edýäris. Dünýäniň ykdysady-hojalyk ulgamyna has ýakyndan gatnaşmagy üpjün etmäge çalyşýarys. Munuň üçin ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda dürli döwletler hem-de halkara maliýe-ykdysady guramalar we toparlar bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegi maksat edinýäris.

Ýurdumyzyň Bütindünýä Söwda Guramasynyň agzalygyna girmegi boýunça tutanýerli işler alnyp barylýar. Şu ýylyň fewral aýynda döwletimize bu gurama goşulýan ýurt, ýagny «işjeň synçy» derejesi berildi. Guramanyň agzalygy babatda ýurdumyza bildirilýän talaplary doly berjaý etmek bilen, bu ugurdaky işleri we çäreleri dowam etmek zerurdyr.

Aýratyn-da, parlament diplomatiýasynyň ösýändigine siziň ünsüňizi çekmek isleýärin. Biz dünýäniň dürli döwletleri bilen parlamentara gatnaşyklaryň işjeň giňeldilmegini dowam etmelidiris. Parlamentara hyzmatdaşlygyň şu ýyl gazanylan tejribesi parlament diplomatiýasynyň ägirt uly mümkinçiliginiň bardygyny görkezdi.

Bu babatda aýdylanda, hormatly Arkadagymyzyň Ýaponiýa, Russiýa Federasiýasyna, Koreýa Respublikasyna, şeýle hem Türkiýäniň we Azerbaýjanyň parlament başlyklarynyň ýurdumyza bolan saparlaryny, Aşgabatda geçirilen ilkinji «Merkezi Aziýa — Russiýa» Parlamentara forumyny mysal hökmünde görkezmek bolar.

Hormatly mejlise gatnaşyjylar!

Biz döwletimiziň daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirmekde, elbetde, ýurdumyzyň diplomatik gullugyna uly ähmiýet berýäris. Şoňa görä-de, milli diplomatik gullugynyň, daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarymyzyň we konsullyk edaralarymyzyň maliýe hem-de maddy-tehniki şertleriniň gowulandyrylmagy baradaky meseläni hemişe üns merkezinde saklaýarys. Bu işleri mundan beýläk-de gözegçilikde saklamaly we has-da kämilleşdirmek arkaly dowam etmeli.

Döwletimiz we Hökümetimiz parasatly we oýlanyşykly daşary syýasat ugrunyň ýokary derejede alnyp barylmagy, ýurdumyzyň halkara abraýynyň has-da belende göterilmegi, dürli döwletler we halkara guramalar bilen özara bähbitli we deňhukukly hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda uly tagallalary eder.

(2022-nji ýylyň 9-njy dekabry)