TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE GDA-NIŇ ÝERINE ÝETIRIJI KOMITETINIŇ BAŞLYGY –ÝERINE ÝETIRIJI SEKRETARYNYŇ BIRINJI ORUNBASARY BILEN DUŞUŞYK

2018-nji ýylyň 6-njy martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Türkmenistanyň parlament saýlawlarynyň monitoringi üçin GDA-niň Synçylar wekiliýetine baştutanlyk edip türkmen paýtagtyna gelen GDA-niň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy –Ýerine ýetiriji sekretarynyň birinji orunbasary W.Guminskiý bilen duşuşdy.

2018-nji ýylyň 25-nji martynda Türkmenistanda geçiriljek Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlaryna görülýän taýýarlyklar maslahatlaşmalaryň esasy temasyna öwrüldi. GDA-niň Synçylar toparynyň işiniň üstünlikli başlanmagy barada aýdyp, W.Guminskiý onuň iş ýörelgeleri hem-de işiniň guralyşy barada habar berdi.

Duşuşygyň barşynda taraplar GDA-niň çäklerinde işjeň hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny we mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar, taraplar esasy ünsi döwletara hyzmatdaşlyk meselelerine gönükdirdiler. Wekiliýetiň ýolbaşçysy döwletimiziň oňyn bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň wajyp ornuny belledi.