2018-NJI ÝYLYŇ 17-18-NJI FEWRALY ARALYGYNDA“TÜRKMENISTANYŇ DIPLOMATIK IŞGÄRLERINIŇ GÜNI” MYNASYBETLI GEÇIRILEN SPORT ÝARYŞLAR

2018-nji ýylyň 17-18-nji fewraly aralygynda “Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni” baýramçylygyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň hem-de Aşgabatda ýerleşýän daşary ýurt diplomatik we halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň sport toparlarynyň gatnaşmagynda aşakda görkezilen sport ýaryşlar geçirildi:

  1. Basketbolyň 3x3 görnüşi - Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary istitutynyň sport toplumynda;
  2. 400 metr aralyga köpçülikleýin ylgaw - Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň futbol meýdançasynyň töweregindäki ylgaw ýolunda;
  3. Küşt we şaşka boýunça ýaryşlar Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebinde.

Basketbol boýunça ýaryşda 1-nji ýeri Belarus Respublikasynyň Ilçihanasynyň sport topary, 2-nji ýeri Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Ilçihanasynyň sport topary, 3-nji orny bolsa Russiýa Federasiýasynyň sport topary eýelediler.

400 metr aralyga köpçülikleýin ylgawda 1-nji, 2-nji we 3-nji ýerleri Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Ilçihanasynyň wekilleri eýelediler.

Küşt boýunça ýaryşda 1-nji we 2-nji ýerleri Russiýa Federasiýasynyň wekilleri, 3-nji ýeri bolsa Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Konsullyk gullugy bölüminiň III sekretary Yhlas Jumanazarow eýelediler.

Şaşka boýunça ýaryşda 1-nji ýere Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Konsullyk gullugy bölüminiň III sekretary Yhlas Jumanazarow, 2-nji ýere Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň kömekçisi Ata Eýeberdiýew, 3-nji ýere Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasynyň sebitleýin merkeziniň wekili mynasyp boldylar.

Baýrakly ýerleri eýelänlere degişli gymmat bahaly sowgatlar we Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasy ministrliginiň hormat hatlary gowşuryldy.

Ýaryşlaryň guramaçylykly we dostlukly ýagdaýda geçirilendigine olaryň gatnaşyjalary bellediler we şonuň bilen bagly minnetdarlyk hem bildirdiler.