TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE BMG-NIŇ MERKEZI AZIÝA ÜÇIN ÖŇÜNI ALYŞ DIPLOMATIÝASY BOÝUNÇA SEBIT MERKEZINIŇ 2018-NJI ÝYL ÜÇIN IŞ MEÝILNAMASY BILEN TANYŞDYRMAK BOÝUNÇA TEGELEK STOLUNYŇ MEJLISI GEÇIRILDI

2018-nji ýylyň 13-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň 2018-nji ýyl üçin iş meýilnamasy bilen tanyşdyrmaklyga bagyşlanan tegelek stol görnüşindäki mejlisi geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkezi bilen hyzmatdaşlyk esasynda gurnaldy.  

Tegelek stolyň işine Türkmenistanda akkreditirlenen daşary ýurt döwletleriniň diplomatik missiýalarynyň we halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň işgärleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, şeýle hem ýurtda akkreditirlenen daşary ýurt žurnalistleri gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajyýew geljek ýyl üçin Merkeziň işi bilen jikme-jik we giňden tanyşmak üçin bu çäre öz wagtynda geçirilýändigi barada aýtdy.

Çykyşda bellenilip geçilişi ýaly, öňüni alyş diplomatiýa BMG-niň esasy wezipeleriniň biri bolup durýar we Baş sekretaryň wezipeleriniň arasynda esasy orny eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda BMG-niň ýörite syýasy missiýalarynyň, olaryň biri bolup durýan BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasynyň Sebit merkeziniň orny bellenilip geçildi.

         Halkara jemgyýetçiliginiň öňüni alyş diplomatiýasynyň kuwwatyna we Türkmenistanyň ýaraşdyryjy tejribesine hem-de onuň başlangyçlaryna bolan talabyň ösmegine ýokary gyzyklanmasy öz beýanyny Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň 10 ýyl ýubileýiniň dabaralanmagynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynda kabul edilen “BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasynyň Sebit merkeziniň orny” atly kararnamasynda öz beýanyny tapan merkeziň ähmiýetli orny barada aýdyň subut edýär.

Soňra söz gezegi BMG-niň Baş sekretarynyň ýörite wekili, Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa Germana berildi. Sebit merkeziniň ýolbaşçysy tegelek stolyň işine gatnaşyjylara geçen ýyl boýunça edilen işler barada aýdyp, 2017-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Merkezi Aziýanyň we Owganystanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň Aşgabatdaky duşuşygynda makullanan, 2018-2020-nji ýyllar döwri üçin kabul edilen Merkeziň Iş maksatnamasynyň çäginde 2018-nji ýyl üçin Merkeziň işi bilen tanyşdyrdy.

Bellenilşi ýaly, geçen ýyllarda Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkezi häzirki döwürde zerur bolan öňüni alyş diplomatiýasynyň gurallaryny ulanmak arkaly sebitde parahatçylyga, howpsuzlyga we durnuklylyga ýardam bermek boýunça uly tejribe gazandy.

Merkeziň ýolbaşçysy sebitde ähli ugurlarda öňüni alyş diplomatiýasyny ýöneltmäge, Merkeziň goldawy bilen netijeli özaragatnaşygy güýçlendirmek meseleleri boýunça utgaşdyrylan nukdaýnazarlary işläp taýarlamaga, şeýle hem terrorizme, neşe serişdeleriniň bikanun dolanşygy we Owganystanyň sebitleýin integrasiýasyna ýardam etmäge gönükdiriljek nobatdaky çäreler barada jikme-jik aýtdy.

Merkeziň işi diňe bir syýasy meseleler bilen çäklenmän, daşky gurşawy we suw serişdelerini gorap saklamagyň meslelerine hem degişli bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, tebigy we serhetüsti suw serişdelerini oýlanşykly ulanmagyň zerurlygy, şeýle hem Aral deňziniň meselesi bellenildi. Hanym German Aral deňziniň meselelerini çözmek boýunça, esasan hem Araly halas etmek boýunça Halkara gaznasynda başlyklyk etmegi döwründe Türkmenistan bilen işjeň hyzmatdaşlyk etjekdigi barada belledi.