TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
RUSSIÝA FEDERASIÝASY - MOSKWA
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTAN GÖZEGÇILIK-GOÝBERIŞ NOKATLARYNYŇ TALABALAÝYK IŞLEMEGINI ÜPJÜN ETMEK BABATDA OWGAN TARAPY BILEN IŞJEŇ HYZMATDAŞLYK EDÝÄR
2021-nji ýylyň 30-njy awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, şeýle-de Türkmenistanyň degişli pudaklaýyn dolandyryş we harby edaralarynyň wekilleri Owganystanyň Farýab welaýatynyň ygtyýarlandyrylan wekilleri, hususan-da, Andhoý, Hançarbag, Gurgan etraplarynyň häkimleri hem-de Akina gümrük nokadynyň başlygy bilen duşuşdylar. Taraplar serhetýaka sebitlerde serhet, gümrük we fitosanitariýa gözegçiligi boýunça wezipeleriň ýerine ýe...
TÜRKMENISTAN ÖZÜNIŇ HALKARA YNSANPERWER HUKUGY ULGAMYNDAKY HALKARA BORÇNAMALARYNA YGRARLYDYR
2021-nji ýylyň 29-njy awgustynda, Ýewropa Bileleşiginiň Başlygy Şarl Mişel bilen geçirilen telefon arkaly söhbetdeşliginiň barşynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow, Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy has-da giňeltmegi ugur edinýändigini tassyklamak bilen, bu gün biziň öňümizde Merkezi Aziýa sebitinde hem-de onuň bilen çäkleşýän zolaklarda parahatçylygy we howpsuzlygy saklamak meselelerini öz içine alýan hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny giňeltmek ýaly derwaýys wezipäniň durýandy...
TÜRKMENISTAN OWGANYSTANDAKY ÝAGDAÝLARYŇ PARAHATÇYLYK ÝOLLARY BILEN KADALAŞDYRYLMAGY UGRUNDA ÇYKYŞ EDÝÄR
29-njy awgustda, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Ýewropa Bileleşiginiň Başlygy Şarl Mişeliň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda, Türkmenistanyň Owganystandaky ýagdaýyň diňe parahatçylyk, syýasy-diplomatik serişdeler we usullar arkaly kadalaşdyrylmagy ugrunda çykyş edýändigi aýratyn bellenildi. Türkmenistan hereket edýän şertnamalara laýyklykda, goňşy döwlete elektrik energiýasyny ibermegini dowam edýär. Mälim bolşy ýaly, türkmen elektrik energiýasy Owganyst...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GURBANGULY BERDIMUHAMEDOWYŇ ÝEWROPA BILELEŞIGINIŇ BAŞLYGY BILEN TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIGI GEÇIRILDI
29-njy awgustda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Ýewropa Bileleşiginiň Başlygy Şarl Mişeliň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy has-da giňeltmegi ugur edinýändigini tassyklap, bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň hereket edýän hyzmatdaşlyk gurallarynyň çäklerinde, hususan-da, “Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi” görnüşinde, “Ýewropa Bileleşigi — Türkmenistan” Bilelikdäki...
KHBS ÜÇIN HABAR
Daşary ýurtlaryň käbir köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde Türkmenistanyň Kabuldaky Ilçihanasynyň binasynyň golaýynda partlaýjy enjamlar ýüze çykarylan daşary ýurt raýatlarynyň tussag edilendigi barada howaýy maglumat peýda boldy. Şunuň bilen baglylykda, Ilçihana ýokarda beýan edilenler babatynda onda haýsydyr-bir maglumatlaryň ýokdugyny habar berýär.
TÜRKMEN-OWGAN SERHEDINDÄKI GGN-LARYNYŇ BÖKDENÇSIZ IŞI ÜPJÜN EDILÝÄR
Türkmenistan türkmen-owgan serhedindäki gözegçilik-göýberiş nokatlarynyň bökdençsiz işini üpjün etmegi dowam edýär. Häzirki wagtda «Ymamnazar-Akina» we «Serhetabat-Turgundy» gözegçilik-göýberiş nokatlaryndan gündelik esasda 70-den gowrak demirýol wagonlary hem-de 160-a golaý ýük awtoulag serişdeleri göýberilýär. Nebit önümleri, suwuklandyrylan gaz, däne, gündelik sarp ediş harytlary döwlet serhedinden göýberilýän ýükleriň esasy bölegini düzýär. Şu nukdaýnazardan, owgan tarapynyň Owgany...
TÜRKMENISTAN OWGANYSTANYŇ SEBITLERINI ELEKTRIK ENERGIÝASY BILEN ÜPJÜN ETMEGINI DOWAM EDÝÄR
Türkmenistan häzirki hereket edýän şertnamalaryna laýyklykda goňşy Owganystana elektrik energiýasynyň üpjünçiligini dowam edýär. Mälim bolşy ýaly, türkmen elektrik togy Owganystana birnäçe ugurlar boýunça iberilýär. Bu bolsa Owganystanyň demirgazyk welaýatlaryny tutuşlygyna, ýurduň günbatar we demirgazyk-günbatar etraplaryny, şol sanda Hyrat, Badgis, Jowzjan, Balh, Farýap sebitlerini, şeýle-de Mazari-Şarif, Şibergan, Hyrat we beýleki şäherlerini hem elektrik togy bilen üpjün etmäge mümkinçili...