RSS

SOŇKY HABARLAR

30 Apr

TÜRKMENISTANYŇ ÝOKARY DEREJELI WEKILIÝETI ÝEWRAZIÝANYŇ HÖKÜMETARA GEŇEŞINIŇ MEJLISINE GATNAŞDY

2021-nji ýylyň 29-30-njy apreli aralygynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Ýokary Gözegçilik Edarasynyň Başlygy, Howpsuzlyk geňeşiniň agzasy Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýetiniň Russiýa Federasiýasynyň Tatarstan Respublikasynyň Kazan şäherine sapary boldy. 30-njy aprelde ýokary derejeli türkmen wekiliýeti Kazan ratuşasynda geçirilen Ýewraziýanyň Hökümetara geňeşiniň mejlisine gatnaşdy. Mejlisiň barşynda Wise-premýer Türkmenista...

DOWAMY
30 Apr

GADYMY DESSURLARA WE KÖPASYRLYK DOSTLUKLY GATNAŞYKLARA YGRARLYLYK

2021-nji ýylyň 29-njy aprelinde Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew türkmen paýtagtyna sapar bilen geldi. Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentleriniň ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirildi, onuň barşynda özarabähbitli türkmen-özbek gatnaşyklaryny ösdürmegiň we pugtalandyrmagyň derwaýys ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Soňra Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Gypjakda ýerleşýän ýurduň Baş metjidinde agzaçar sadakasyn...

DOWAMY
28 Apr

PARLAMENT ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ AŞGABAT DUŞUŞYGYNA GATNAŞYJYLAR BU FORUMYŇ GEÇIRILMEGINIŇ ÖZ WAGTYNDALYGYNY BELLÄP GEÇDILER

Parlament ýolbaşçylarynyň «Parlamentarileriň halkara parahatçylygy we ynanyşmagy berkitmekdäki orny»  atly şu günki duşuşygynda bu forumyň derwaýys ähmiýeti nygtaldy.  Şunlukda, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň Başlygy, Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko şu duşuşygyň derwaýyslygyny nygtamak bilen, ynanyşmagyň ykdysadyýet, ekologiýa, öňdebaryjy tehnologiýalar ýaly ulgamlarda global...

DOWAMY
28 Apr

AŞGABATDA PARLAMENT ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

Aşgabatda Parlament ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi 2021-nji ýylyň 28-nji aprelinde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň binasynda «Parlamentarileriň halkara parahatçylygy we ynanyşmagy berkitmekdäki orny» atly parlament ýolbaşçylarynyň arasyndaky duşuşyk wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirildi. Forumyň işine 15 ýurtdan ýokary wekilçilikli we kanun çykaryjy edaralaryň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Duşuşygy açmak bilen, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň başlygy Gülşat Mämmedowa kär...

DOWAMY
27 Apr

HALKARA PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK ÝYLYNYŇ ÇÄKLERINDE ÝARAGSYZLANMAGYŇ MESELELERI BOÝUNÇA HALKARA MASLAHAT GEÇIRILDI

2021-nji ýylyň 27-nji aprelinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda Ýadro synaglaryň hemmetaraplaýyn gadagan edilmegi hakyndaky Şertnama guramasy bilen bilelikde “Parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmek: ýaragsyzlanmak babatda halkara we sebit hyzmatdaşlygy berkitmek” atly halkara maslahat guraldy. Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow özüniň giriş sözünde türkmen tarapynyň ýaragsyzlanmagy we ýaýratmazlygy üpjün etmek boýunça bilelikdäki köptaraplaýyn tagallalary iş...

DOWAMY
27 Apr

TÜRKMENISTANYŇ WE BMG-NIŇ ARASYNDA DURNUKLY ÖSÜŞ UGRUNDA 2021-2025-NJI ÝYLLAR ÜÇIN HYZMATDAŞLYGYŇ ÇARÇUWALY MAKSATNAMASYNY DURMUŞA GEÇIRMEGIŇ DERWAÝYS UGURLARY KESGITLENILDI

2021-nji ýylyň Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda durnukly ösüş ugrunda 2021-2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň çarçuwaly Maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça Bilelikdäki ýolbaşçy we utgaşdyryjy komitetiniň ikinji mejlisi geçirildi. Mejlise Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň şeýle hem, ýurduň beýleki degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we hünärmenleri gatnaşdylar. Duşuşyga...

DOWAMY
23 Apr

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI “C5+1” GÖRNÜŞDÄKI MINISTRLER DEREJESINDÄKI DUŞUŞYGA GATNAŞDY

Şu gün, 23-nji aprelde «С5+1» formatynyň çäklerinde Merkezi Aziýa döwletleriniň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň onlaýn duşuşygy geçirildi, onuň barşynda sebitiň ýurtlarynyň ABŞ bilen hyzmatdaşlygynyň derwaýys ugurlary boýunça mazmuna baý pikirler alyşyldy. Wideomaslahatyň dowamynda eden çykyşynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow «С5+1» işine gatnaşýan taraplaryň ählisiniň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, ekologiýa we beýleki ulgam...

DOWAMY