RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
17 Ýan

TÜRKMEN-ÖZBEK DIMARA GEŇEŞMELERI GEÇIRILDI

Şu gün, 17-nji ýanwarda Daşkent şäherinde Türkmenistanyň we Özbegistanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda geňeşmeler geçirildi. Duşuşykda türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýew, özbek tarapyna Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Norow ýolbaşçylyk etdiler. Geňeşmeleriň dowamynda taraplar türkmen-özbek gatnaşyklarynyň ösüşiniň depgini barada nygtamak bilen, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň öňe gitmeginde ýokary derejedäki ga...

DOWAMY
pic
15 Ýan

TÜRKMENISTANA OWGANYSTANYŇ WEKILIÝETI SAPAR BILEN GELDI

2022-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda Owganystanyň Daşary işler ministriniň w.w.ý.ý. Amir Han Mottakiniň ýolbaşçylygyndaky owgan wekiliýeti Türkmenistana sapar bilen geldi. 15-nji ýanwarda, Aşgabada saparynyň çäklerinde, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Owganystanyň Daşary işler ministriniň w.w.ý.ý. Amir Han Mottakiniň arasynda dar düzümdäki ikitaraplaýyn duşuşygy geçirildi. Onuň dowamynda iki doganlyk döwletiň DIM-leriniň ýolba...

DOWAMY
pic
11 Ýan

СОСТОЯЛАСЬ ВСТРЕЧА МИНИСТРОВ ИНОСТРАННЫХ ДЕЛ ОРГАНИЗАЦИИ ТЮРКСКИХ ГОСУДАРСТВ

Сегодня, 11 января, состоялась внеочередная онлайн-встреча Министров иностранных дел Организации тюркских государств, в котором принял участие Заместитель Председателя Кабинета Министров, Министр иностранных дел Туркменистана Рашид Мередов. Р.Мередов, выступая на встрече, отметил значение Саммита Организации тюркских государств, состоявшегося в Стамбуле 12 ноября 2021 года. В этой связи, было отмечено, что Президент Туркменистана Гурбангулы Бердымухамедов в своём выступлении на Саммите под...

DOWAMY
pic
10 Ýan

TÜRKMENISTANYŇ WE ÖZBEGISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY GEPLEŞIK

Şu gün, 10-njy ýanwarda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Ö.Meredowyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministri A.H.Kamilowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary geçen ýylyň dekabrynda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen, GDA-nyň resmi däl Sammitiniň çäklerinde Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleriniň arasynda gazanylan ylalaşyklara laýyklykda, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk hem ösdürilmegini ara alyp ma...

DOWAMY
pic
10 Ýan

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GAZAGYSTANYŇ PREZIDENTINE GYNANÇ HATYNY IBERDI

2022-nji ýylyň 10-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewa gynanç hatyny iberdi. Döwlet Baştutany soňky günlerde bolup geçen pajygaly wakalaryň köp adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getirendigi bilen baglylykda K.Tokaýewa hem-de ähli Gazagystanyň halkyna çuňňur gynanjyny bildirdi. Gurban bolanlaryň ähli dogan garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň, şeýle hem öz adyndan...

DOWAMY
pic
10 Ýan

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI BEÝIK BRITANIÝANYŇ ILÇISI BILEN DUŞUŞDY

2022-nji ýylyň 10-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Türkmenistandaky täze bellenen Ilçisi hanym Lýusia Waýld bilen duşuşygy geçirildi. Söhbetdeşligiň barşynda Ministr R.Meredow Beýik Britaniýanyň Ilçisini jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlady hem-de onuň geljekki diplomatik işinde üstünlikleri arzuw etdi. Şu ýyl Türkmenistanyň we Beýik Britaniýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklarynyň ýo...

DOWAMY
pic
9 Ýan

TÜRKMENISTANYŇ HÖKÜMET WEKILIÝETI TÜRKMEN-EÝRAN HYZMATDAŞLYGYNYŇ ILERI TUTULÝAN UGURLARYNY ARA ALYP MASLAHATLAŞDY

Şu gün, 9-njy ýanwarda Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ibragim Raisi Eýrana iş sapary bilen baran Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Hökümet wekiliýetini kabul etdi. Duşuşygyň başynda türkmen tarapy Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähirli salamyny ýetirdiler. Işjeň ýagdaýda geçen duşuşygyň...

DOWAMY