RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
30 Ýan

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI RUSSIÝANYŇ DÖWLET DUMASYNYŇ BAŞLYGYNY KABUL ETDI

Şu gün, 2023-nji ýylyň 30-njy ýanwarynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow RF-niň parlament wekiliýetine ýolbaşçylyk edip ýurdumyza sapar bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň Başlygy Wýaçeslaw Wolodini kabul etdi. Döwlet Baştutanymyz Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň ýolbaşçysyny myhmansöýer türkmen topragynda mähirli mübärekläp, häzirki wagtda parlamentleriň döwlet durmuşynda eýeleýän ornunyň barha artýandygyny belledi....

DOWAMY
pic
28 Ýan

DIM-NIŇ HALKARA GATNAŞYKLARY INSTITUTYNDA 2023-NJI ÝYLYŇ “DIALOG PARAHATÇYLYGYŇ KEPILI HÖKMÜNDE HALKARA ÝYLY” DIÝLIP YGLAN EDILMEGINE BAGYŞLANAN ÇÄRE GEÇIRILDI

2023-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda 2023-nji ýylyň “Dialog parahatçylygyň kepili hökmünde halkara ýyly” diýlip yglan edilmegine bagyşlanan resmi çäre geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň gurnamagynda gibrid görnüşde geçirildi. Maslahata BMG-niň esasy edaralarynyň we onuň ýöriteleşdirilen edaralarynyň, BMG agza ýurtlaryň, halkara we sebit guramalarynyň, raýat jemgyýetiniň wekilleri, şeýle hem Tür...

DOWAMY
pic
28 Ýan

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINIŇ BEÝANNAMASY

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi 2023-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda Azerbaýjan Respublikasynyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Ilçihanasynyň binasynda bolup geçen, Ilçihananyň goragyna degişli bolan bir işgäriniň ýogalmagyna we iki işgäriniň ýaralananmagyna sebäp bolan ýaragly hüjümi ýazgarýar. Türkmenistan diplomatik wekilhanalara edilýän hüjümleriň we diplomatik edaralaryň işgärlerine garşy islendik zorlugyň ulanylmagyna ýol berilmeli däldigini nygtaýar. Türkmenistanyň Daşary işler mi...

DOWAMY
pic
26 Ýan

ВСТРЕЧА ПОСЛА ТУРКМЕНИСТАНА С ЗАМЕСТИТЕЛЕМ МИНИСТРА ИНОСТРАННЫХ ДЕЛ РОССИЙСКОЙ ФЕДЕРАЦИИ

26 января с.г. в здании МИД РФ состоялась встреча Посла Туркменистана в Российской Федерации Батыра Ниязлиева с Заместителем министра иностранных дел Российской Федерации Михаилом Галузиным. В ходе беседы была дана высокая оценка динамичному развитию отношений стратегического партнерства между двумя государствами, охватывающему сегодня практически все основные сферы взаимодействия. Движущей силой туркмено-российских отношений, подчеркнул Михаил Галузин, является диалог руководителей двух с...

DOWAMY
pic
25 Ýan

TÜRKMENISTANYŇ ÝHHG-NIŇ ÝANYNDAKY WEKILÝETI ÝHHG-NYŇ MEJLISINDE ADAM HUKUKLARY BOÝUNÇA ILERI TUTÝAN UGURLARY BOÝUNÇA ÇYKYŞ ETDI

2023-nji ýylyň 24-nji ýanwarynda, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Adam hukuklary komitetiniň ýygnagynda Türkmenistanyň wekiliýeti adam hukuklary boýunça ileri tutulýan ugurlar barada beýanat bilen çykyş etdi. Beýanatda Türkmenistan bilen ÝHHG-niň adam ölçegleri babatynda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarydygy we raýat jemgyýetleri, demokratik institutlar, metbugat azatlygy, jyns taýdan deňlik, adam söwdasynyň öňüni almak we bilim almak hukugy ýaly ugurlarda hyzmatd...

DOWAMY
pic
25 Ýan

TÜRKMEN WEKILIÝETINIŇ YKDYSADY HYZMATDAŞLYK GURAMASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ GEŇEŞINIŇ MEJLISINE GATNAŞMAGY

2023-nji ýylyň 24-nji ýanwarynda Daşkende, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasyna (ECO) agza ýurtlaryň Daşary işler ministrleri Geňeşiniň (CMFA) 26-njy mejlisine gatnaşdy. Bu çärä agza döwletleriň daşary işler ministrlikleriniň ýolbaşçylary, sebit guramalarynyň ýolbaşçylary, ýöriteleşdirilen edaralar, sebit institutlary we ECO-nyň degişli guramalary gatnaşdy. Duşuşyga gatnaşyjylar söwda, maýa goýumlary, ýaşyl ykdysadyýet, sanlylaşdyrma, energeti...

DOWAMY
pic
24 Ýan

HALK MASLAKHATY IS A RELIABLE PILLAR OF DEMOCRACY IN TURKMENISTAN

On January 21, 2023, a major political event of historical significance took place in the capital's Congress Center of Turkmenistan. With the participation of representatives of the public of Turkmenistan, a meeting of the National Council (Milli Gengesh) of the country, the bicameral parliament of Turkmenistan - a representative and legislative body of state power, was held. During the meeting, the participants discussed a variety of issues related to the socio-political, economic, cultural...

DOWAMY