SOŇKY HABARLAR
«AWAZA» MILLI SYÝAHATÇYLYK ZOLAGYNDA GDA-NYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ GEŇEŞINIŇ MEJLISI GEÇIRILDI
2026-njy ýylyň 7-nji oktýabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlise Arkalaşyga gatnaşyjy döwletleriň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem GDA-nyň Baş sekretary gatnaşdy. Mejlisiň dowamynda halkara we sebit gün tertibiniň möhüm meseleleri, şeýle hem GDA-nyň çäklerinde özara hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary boýunça pikir alyşyldy. Arkalaşyga gatnaşyjy döwletleriň ara...
TÜRKMENISTANYŇ WE RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ DAŞARY SYÝASAT EDARALARYNYŇ ARASYNDA DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2026-njy ýylyň 7-nji oktýabrynda Türkmenistanyň 2026-njy ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçirilýän çäreleriň meýdançasynda, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň möhüm meseleleri, şeýle hem özara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň geljegi uly ugurlary boýunç...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ PREZIDENTINI GUTLADY
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýändigini uly kanagatlanma bilen belledi. “Biz Türkmenistanda ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlugy berkitmäge Siziň berýän ünsüňize, şeýle hem strategik hyzmatdaşlygymyzyň yzygiderli giňeldilmegine goşýan şahsy go...
TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGYNYŇ RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ FEDERAL ÝYGNAGYNYŇ FEDERASIÝA GEŇEŞINIŇ BAŞLYGY BILEN DUŞUŞYGY
2026-njy ýylyň 6-njy oktýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzdan Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherine ugrady. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda türkmen halkynyň Milli Lideri «Parahatçylygy saklamakda we durnukly ösüşe ýetmekde zenanlaryň orny» atly halkara zenanlar dialogyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkony mähirli...
HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ ADYNA GELEN HATLAR
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA Siziň Alyhezretiňiz! Bolgariýanyň halkynyň adyndan we hut öz adymdan Size hem-de Türkmenistanyň halkyna Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy we parahatçylyk, gülläp ösüş baradaky arzuwlarymy beýan edýärin. Bolgariýa Respublikasy Türkmenistan bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly ähmiýet berýär hem-de Siziň ýurduňyza Merkezi Aziýa sebitinde möhüm hyzmatdaş hökmünde garaýar. Bolgariý...
ТУРКМЕНСКИЕ СТУДЕНТЫ ЗАВОЕВАЛИ ПРИЗОВЫЕ МЕСТА НА VI МЕЖДУНАРОДНОЙ ОЛИМПИАДЕ ПО ФИНАНСОВОЙ БЕЗОПАСНОСТИ
Туркменские студенты триумфально выступили и завоевали призовые места на престижном международном конкурсе - VI Международной олимпиаде по финансовой безопасности, финал которой состоялся с 27 сентября по 2 октября на базе Сибирского федерального университета в Красноярске (Российская Федерация). Тематическая направленность олимпиады этого года была сфокусирована на вопросах использования искусственного интеллекта в сфере финансовой безопасности и связанных с этим рисками. Финал крупного с...
RUSSIÝALY BILERMEN TÜRKMENISTANDA AHALTEKE ATÇYLYGYNYŇ ÖSÜŞINE ÝOKARY BAHA BERDI
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň dabaraly açylyşyna dünýäniň dürli ýurtlaryndan ahalteke tohumly bedewleriň köp sanly muşdaklary gatnaşdy. Hormatly myhmanlaryň arasynda Türkmenistanyň at gazanan atşynasy, K.A. Timirýazew adyndaky Russiýanyň Döwlet oba hojalyk uniwersitetiniň atçylyk muzeýiniň ylmy işgäri, makalalaryň awtory, fotosuratçy hem-de bu tohuma uly gyzyklanma bildirýän Ýuliýa Nikolaýewna Kuznesowa hem bardy. Ýuliýa Kuznesowa üçin Türkmenistan ikinji öýi ýalydy...