«DIALOG-PARAHATÇYLYGYŇ KEPILI» ATLY ONLAÝN MASLAHATY

2022-nji ýylyň 22-nji fewralynda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň Sekretariatynyň gurnamagynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan öňe sürlen «Dialog-parahatçylygyň kepili» diýlip atlandyrylýan häzirki zaman halkara gatnaşyklarynyň täze filosofiýasyny döretmek baradaky başlangyjynyň ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşyndaky ähmiýetini çuňlaşdyrmaga hem-de Milli Liderimiziň parahatçylyk senasyny giňişleýin wagyz etmäge bagyşlanyp, «Dialog-parahatçylygyň kepili» atly onlaýn maslahaty geçirildi.

Sanly wideoaragatnaşyk arkaly gurnalan maslahata Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň,  Tükmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň, Türkmenistanyň Parahatçylyk Gaznasynyň müdirliginiň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi we Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilermenleriniň hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Halkara Ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň we Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary işjeň gatnaşdylar .

Maslahatda çykyş edenler  “Türkmenistan döwletimiziň parahatlyk ýoly bilen röwşen geljege tarap barýan döwründe ýurdumyzyň halkara giňişliginde barha abraýynyň ýokarlanmagy,  Hormatly Prezidentimiziň parahatsöýüjülik syýasatynyň geriminiň giňeldilmegi ähli ýurtlaryň halklarynyň parahatçylykly ýaşamak däplerini pugtalandyrmakda, halkara gatnaşyklarda parahatçylyk we ynanyşmak medeniýetini pugtalandyrmakda tagallalary birleşdirmäge gönükdirilendigini bellediler.

Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, bu gün Hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän halkara başlangyçlary, durmuşa geçirýän ynsanperwer daşary syýasaty, dünýäniň döwletleri bilen ýola goýýan dost-doganlyk gatnaşyklary bu günki gün dünýä bileleşigini ünsüni özüne çekýär, dünýäde ykrar edilen Milli Liderimiziň parasatly, çuňňur oýlanyşykly syýasaty ählumumy goldawa eýe bolýar.

Şeýle hem çykyşlarda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýaňy-ýakynda türkmen halkyna peşgeş beren «Abadançylygyň röwşen gadamlary» atly täze kitabynyň türkmen diplomatiýasynyň taryhy, döwletimiziň içeri hem-de daşary syýasatynda ýetilen belent sepgitleri bilen okyjylary, ylaýta-da talyp ýaşlary tanyşdyrmakda uly ähmiýete eýedigi bellendi we häzirki zaman ösüşiniň ählumumy parahatçylygyň, durnuklylygyň we howpsuzlygyň saklanylmagy we pugtalandyrylmagy ýaly derwaýys meseleleri babatyndaky anyk hem-de ýörelgeleýin çemeleşmeleri beýan edýän bu gymmatly kitabyň ýurdumyzyň ähli raýatlary üçin derwaýys gollanma bolup hyzmat etjekdigi  aýratyn nygtaldy.

Sanly maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşanlar Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň karary bilen Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň ussat diplomaty» tapawutlandyryş nyşany bilen sylaglanmagy bilen tüýs ýürekden gutladylar hem-de mähriban Watanymyzyň halkara abraýyny has hem beýgeltmekde alyp barýan işleriniň  rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.