«TÜRKMENISTAN-ÝEWROPA BILELEŞIGI» BILELIKDÄKI KOMITETINIŇ 20-NJI DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 21-nji oktýabrynda «Türkmenistan-Ýewropa Bileleşigi» Bilelikdäki Komitetiniň ýigriminji mejlisi göni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirildi.
Mejlise türkmen tarapyndan Türkmenistanyň birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralarynyň, şol sanda maliýe we ykdysadyýet, daşary işler, bilim, oba hojalyk we daşky gurşawy goramak, energetika, zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak, söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar, saglygy goraýyş we derman senagaty ministrlikleriniň, Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň, «Türkmennebit» we «Türkmengaz» döwlet konsernleriniň ýolbaşçylary we hünärmenleri gatnaşdylar.
ÝB-niň tarapyndan duşuşyga Ýewropa daşary aragatnaşyklar gullugynyň Russiýa, Gündogar hyzmatdaşlygy, Merkezi Aziýa we ÝHHG boýunça müdirliginiň direktory Lýuk Dewiniň ýolbaşçylygyndaky Ýewropa daşary aragatnaşyklar gullugynyň wekilleri gatnaşdylar.
Özara hereketleriň ýokary derejesini bellemek bilen, taraplar Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi we pugtalandyrylmagy bilen bagly meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar.
Syýasy-diplomatik gepleşikleriň hem-de parlamentara gatnaşyklarynyň, şol sanda söwda-ykdysady özara hereketleriň has hem işjeňleşdirilmeginiň zerurlygy nygtaldy. Taraplar şeýle-de ýokary derejedäki özara gatnaşyklaryň ýygjamlaşdyrylmagynyň derwaýyslygyny hem aýratyn belläp geçdiler.
Ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn esasly, hususan-da Bilelikdäki komitetiň, Parlamentara dialogynyň, Adam hukuklary boýunça dialogyň, daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky maslahatlaşma duşuşyklarynyň we hyzmatdaşlygyň aýratyn alnan ugurlary boýunça gatnaşyklaryň, şol sanda «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» formatyndaky sebitara özara hereketleriň yzygiderli häsiýete eýedigi beýan edildi.
Söwda, energetika, ulag, kommunikasiýalar we ýokary tehnologiýalar ýaly ulgamlarda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu ugurda, haryt dolanşygyny artdyrmagyň, şeýle-de Türkmenistanyň we ÝB-niň ýurtlarynyň işewürlik-düzümleriniň arasyndaky özara hereketleri has hem ösdürmegiň zerurlygy nygtaldy.
Şeýle-de ekologiýa, bilim, saglygy goraýyş we oba hojalygy ulgamlaryndaky bilelikdäki maksatnamalaryň hem-de taslamalaryň durmuşa geçirilişine seredilip geçildi.