TÜRKMENISTANYŇ DIM-NIŇ HALKARA GATNAŞYKLARY INSTITUTYNDA TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ BMG-NIŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNDAKY WIDEOÝAZGY ÇYKYŞY ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2021-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň 21-nji sentýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisindäki wideoýazgy çykyşyna bagyşlanan maslahat geçirildi.

Çärä Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary we işgärleri, paýtagtymyzyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bu ýere ýygnananlary ýetip gelýän baýramçylyk – ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy bilen gutlap, Türkmenistanyň Prezidentiniň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisindäki çykyşynyň esasy ugurlaryny beýan etdi we onuň barşynda öňe sürülen sebit hem-de halkara başlangyçlarynyň taryhy ähmiýetini nygtady.

Milletimiziň Lideriniň öz çykyşynda nygtaşy ýaly, umumy baş maksada ýetmek – ählumumy parahatçylygyň we howpsuzlygyň üpjün edilmegi, döwletleriň hem-de iri halkara guramalaryň has ysnyşykly we utgaşykly gatnaşyklaryny talap edýär.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan başlangyjy öňe süren döwlet hökmünde, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäklerinde çäreleri tamamlamak bilen, şu ýylyň dekabr aýynda Aşgabatda “Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty — halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady” atly halkara maslahaty geçirmegi meýilleşdirýär. Bu ugurda BMG-ä agza döwletler we halkara guramalar bu çärä işjeň gatnaşmaga çagyryldy.

Türkmenistanyň Prezidenti: «Şu ýyl başlanylan ynanyşmak hem-de gatnaşyklar medeniýeti meselesi dünýä jemgyýetçiliginiň üns merkezinde galmaly we BMG-niň strategik gün tertibiniň hemişelik düzüm bölegi bolmalydyr», - diýip nygtady.

Döwlet Baştutanymyz, Merkezi Aziýa hem-de Hazar sebitinde halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi saklap galmak maksady bilen, Türkmenistan «Merkezi Aziýa — Hazar sebiti» atly parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagyny döretmek hakyndaky teklip bilen çykyş edýär, diýip belläp geçdi.  

Şu nukdaýnazardan, daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidentiniň sözlerine salgylanmak arkaly, biziň ýurdumyzyň Owganystanyň syýasy durnuklylygyna hem-de howpsuzlygyna, doganlyk owgan halkynyň abadançylygyna we jebisligine hemişe çuňňur gyzyklanma bildiripdi we şeýle bolmagynda-da galýandygyny beýan etdi. Şunda biz gapma-garşylyklaryň parahatçylykly, syýasy-diplomatik ýollar arkaly çözülmegine berk ygrarlydyrys, diýip nygtady.

Çäräniň dowamynda çykyş eden wekiller Milletimiziň Lideriniň çykyşynyň aýratyn ähmiýetini beýan etmek bilen, ýurdumyzyň BMG we beýleki abraýly guramalar, şol sanda dünýä döwletleri bilen alyp barýan özara gatnaşyklarynyň hemmetaraplaýyn giňeldilmegine gönükdirilen başlangyçlarynyň derwaýyslygyny belläp geçdiler.  

Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky Hemişelik wekili Aksoltan Ataýewa Döwlet Baştutanymyzyň taryhy çykyşynyň derwaýys häsiýetini bellemek bilen, Türkmenistanyň özüniň ozal öňe süren, ylmy diplomatiýa ugry boýunça köptaraply gatnaşyklary işjeňleşdirmäge gönükdirilen başlangyçlaryny ilerletmegi dowam etjekdigini nygtady.

Bu gezekki mejlisiň dowamynda Türkmenistan Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin giň hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň dowam etjekdigine bil baglaýar we bu ugurda ýakyn wagtda ösüşi maliýeleşdirmek boýunça nobatdaky halkara maslahatyň guralmagyny zerur hasaplaýar.

Şonuň ýaly-da, Türkmenistanyň migrasiýa syýasaty bilen bagly bolan global wezipeleriň çözülmegine özüniň saldamly goşandyny goşmaga taýýardygy hem bellenilip geçildi.

Maslahatyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň çykyşynyň derwaýys häsiýeti nygtaldy we parahatçylyk hem-de ynanyşmak medeniýetiniň has-da pugtalandyrylmagyna gönükdirilen başlangyçlarynyň giňişleýin öwrenilmeginiň aýratyn ähmiýeti beýan edildi.