DEMIR ÝOLUŇ GURLUŞYGY DIKELDILDI

2021-nji 30-njy awgustynda Owganystandaky «Аkina - Аndhoý» demir ýol bölegindäki gurluşyk işleri gaýtadan dikeldildi. 

Mälim bolşy ýaly, 2014-nji ýylyň 6-njy iýunynda «Kerki - Ymamnazar - Аkina - Аndhoý» demir ýolunyň gurluşygyna badalga berildi. Owganystanyň «Akina - Andhoý» beketleriniň aralygynda uzynlygy 30 kilometre barabar bolan demir ýolunyň açylyş dabarasy 2021-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda geçirildi.   

Häzirki döwürde bu meýdançada tehniki-gurnama işleri alnyp barylýar we olaryň ýakyn wagtda tamamlanmagy meýilleşdirilýär.