TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI DAŞKENTDE ÝEWROPA BILELEŞIGINIŇ MERKEZI AZIÝA BOÝUNÇA ÝÖRITE WEKILI BILEN DUŞUŞDY

2021-nji ýylyň 14-nji iýulynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherine iş sapary başlandy. Iş saparynyň dowamynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçysy “Merkezi we Günorta Aziýa: sebit özara baglanşygy. Wehimler we mümkinçilikler” atly ýokary derejedäki halkara maslahatyna gatnaşar.

Şu gün, 15-nji iýulda Turkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili hanym Teri Hakala bilen duşuşygy geçirildi.

Taraplar bu duşuşygyň öz wagtyndalygyny we netijeliligini belläp, Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Söwda-ykdysady gatnaşyklaryň we ynsanperwer ugry boýunça özara hereketleriň derejesine seredildi. Taraplar saglygy goraýyş, ekologiýa, ulag we bilim ýaly ulgamlar boýunça amala aşyrylýan häzirki we geljekki taslamalara syn berdiler.

Sebitleýin we halkara gün tertibiniň derwaýys meselelerine aýratyn üns berildi. Diplomatlar sebitdäki durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmek üçin daşary syýasat ugry boýunça hereketleriň utgaşdyrylmagynyň güýçlendirilmeginiň ähmiýetini bellediler. Şu nukdaýnazardan Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen döredilen hyzmatdaşlyk gurallarynyň netijeliligi tassyklandy.