BMG-NIŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ 75-NJI MEJLISINIŇ BAŞLYGYNYŇ TÜRKMENISTANA SAPARY

2021-nji ýylyň 4-nji iýulynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisiniň Başlygy Wolkan Bozkyr iş sapary bilen Aşgabada geldi.

Şu gün, 5-nji iýulda jenap Wolkan Bozkyr Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan kabul edildi.

Soňra Türkmenistanyň DIM-de Wolkan Bozkyryň baştutanlygyndaky BMG-niň wekiliýetiniň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti bilen duşuşygy geçirildi.

Dostlukly we ynanyşmak ýagdaýynda geçen duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň we Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk bilen bagly sebit we ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Hemişelik Bitaraplygyň özboluşly derejesini we parahatçylygy, durnuklylygy hem-de durnukly ösüşi berkitmekde ýurduň ýokary ýolbaşçylygynyň ygrarlylygyny bellemek bilen, jenap Wolkan Bozkyr Türkmenistanyň durmuş we ykdysady häsiýetli anyk başlangyçlar arkaly sebitiň we tutuş dünýäniň ösüşindäki ornuna ýokary baha berdi.

Taraplar pandemiýa, howanyň üýtgemegi we beýlekiler bilen bir hatarda, häzirki zamanyň howplaryna we wehimlerine garşy göreşmekde BMG-niň howandarlygyndaky hyzmatdaşlygy kämilleşdirmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmekde ýaşaýyş durmuşynyň we önümçiligiň ileri tutulýan ähli ugurlarynyň özarabaglanyşygy hem-de olary bir wagtyň özünde ösdürmegiň zerurlygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, milli, sebit we halkara derejelerde Türkmenistan tarapyndan ýerine ýetirilen anyk ädimler sanalyp geçildi. Gender deňligi, azyk üpjünçiligi, durmuş ösüşi, sanlylaşdyrmagy, howanyň üýtgemegine garşy göreşmegi goldamak babatda döwlet meýilnamalarynyň we maksatnamalarynyň ähmiýeti nygtaldy.

Taraplar sebitdäki ýagdaýlary ara alyp maslahatlaşdylar. Şunda işjeň gepleşikler we gapma-garşylyklary çözmek ugrunda araçylyk tagallalar arkaly Türkmenistanyň sebit hyzmatdaşlygy ösdürmekdäki işjeň orny bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň Merkezi Aziýada Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebitleýin merkeziniň ähmiýeti bellenildi. Türkmen tarapy Merkeziň işine hemmetaraplaýyn ýardam edýär.

Wekiliýetler şeýle-de şu ýylda geçirilmegi meýilleşdirilýän çärelere, şol sanda Howanyň üýtgemegi boýunça BMG-niň Çarçuwaly konwensiýasynyň (COP-26) 26-njy maslahatyna görülýän taýýarlyklary ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmen tarapy bu çärä işjeň gatnaşmagy maksat edinýär.

Şeýle-de taraplar umumy ösüşe we dünýäniň tutuş halklarynyň abadançylygyna ýetmek üçin BMG-niň mehanizmleriniň kämilleşdirilmeginiň we has-da netijeli ulanylmagynyň zerurdygy barada ylalaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň işjeň agza döwletleriniň biri bolmak bilen, Türkmenistan özüniň oňyn bitaraplyk syýasatynyň çäklerinde Guramanyň Tertipnamasynda berkidilen maksatlara ýetmegiň üstünde işlemegi maksat edinýär.

Türkmenistanyň DIM-de duşuşyk tamamlanansoň, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisiniň Başlygy Wolkan Bozkyr Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy Gülşat Mämmedowa bilen duşuşdy.