TÜRKMENISTAN BILEN GAZAGYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERI TELEFON ARKALY MÖHÜM MESELELERI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR

2021-nji ýylyň 2-nji iýulynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, Daşary işler ministri Muhtar Tleuberdi bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi.

Gepleşigiň barşynda taraplar türkmen-gazak gün tertibiniň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Ministrler iki döwletiň arasynda ýokary derejedäki yzygiderli we ynamly syýasy gepleşigiň ähmiýetini nygtadylar.

Şunuň bilen baglylykda, daşary syýasy edaralaryň ýolbaşçylary taraplaryň ýokary derejede gatnaşmagynda geçirilmegi meýilleşdirilýän halkara çärelere görülýän taýýarlyk meselelerini hem ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri gazak kärdeşini hünär baýramy — Gazagystan Respublikasynyň diplomatik gullugynyň güni bilen gutlady.