TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW WE GYRGYZ RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI SADYR ŽAPAROW STRATEGIKI HYZMATDAŞLYGY GIŇELTMEGIŇ MESELELERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR

Öň hem habar berlişi ýaly, 2021-nji ýylyň 27-nji iýunynda Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow Türkmenistana resmi sapar bilen geldi.

Saparyň birinji gününde Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow Söwda-senagat edarasyna bardy, ol ýerde Türkmenistanyň eksport harytlarynyň sergisi bilen tanyşdy hem-de türkmen-gyrgyz ykdysady forumyna gatnaşdy.

Saparyň ikinji gününde, 28-nji iýunda ir bilen ýokary derejeli myhman onuň üçin niýetlenen rezidensiýasyndan Aşgabadyň merkezinde ýerleşen Garaşsyzlyk Meýdançasyna ugrady. Bu ýerde Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowy Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow garşylady. Mähirli salamlaşanlaryndan soňra iki ýurduň Baştutanlary özleri üçin ýörite niýetlenen ýere geçýärler. Bu ýerde myhmany resmi garşy almak dabarasy geçirilýär. Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň agzalary Gyrgyzystanyň Prezidentine tanyşdyrylýar. Gyrgyz Respublikasynyň hökümet wekiliýetiniň agzalary hem türkmen döwletiniň Baştutanyna tanyşdyrylýar.

Türkmenistanyň we Gyrgyz Respublikasynyň Döwlet baýdaklarynyň öňünde resmi surata düşmek dabarasynyň tamamlanmagyndan soňra Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Sadyr Žaparowy ikitaraplaýyn duşuşyklaryň geçirilýän otagyna çagyrýar, bu ýerde «ikiçäk» formatda ýokary derejedäki türkmen-gyrgyz gepleşikleri geçirildi.

Iki dostlukly ýurduň Döwlet Baştutanlarynyň işjeň ýagdaýda geçirilen söhbetdeşliginiň barşynda nygtalşy ýaly, Gyrgyzystanyň Prezidentiniň Aşgabada sapary döwletara gatnaşyklarynyň taryhynda täze sahypany açar we däp bolan hyzmatdaşlygyň has-da pugtalandyrylmagyna, özara hereketleriň strategiki häsiýete eýe bolmagyna güýçli itergi berer.

Gepleşikleriň barşynda nobatdaky saparyň dowamynda türkmen-gyrgyz ykdysady forumynyň geçirilmeginiň derwaýyslygy nygtaldy, çünki ol Türkmenistanyň we Gyrgyzystanyň söwda-ykdysady, eksport we maýa goýum mümkinçilikleriniň ýaýbaňlandyrylmagy üçin ähmiýetli şertleri döretdi. Taraplar şeýle-de sebit we halkara syýasatynyň özara gyzyklanma bildirilýän wajyp ugurlary boýunça pikirleri alyşdylar.

Soňra gepleşikler iki ýurduň resmi wekiliýetiniň gatnaşmagynda giňeldilen düzümde dowam etdi.

Taraplar iki döwletiň işewürler toparlarynyň arasynda uzakmöhletleýin özara hereketler üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny nygtadylar. Şunda dokma senagaty, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri, syýahatçylyk, gaýtadan işleýän senagat, oba hojalygy, ulag-üstaşyr ulgamlar hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi.

Giňeldilen düzümdäki gepleşikler tamamlanandan soňra ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy geçirildi. Taraplar 15 sany ikitaraplaýyn resminamalara gol çekdiler.

Mundan başga-da, düýn geçirilen türkmen-gyrgyz ykdysady forumynyň çäklerinde iki ýurduň işewürler toparlarynyň wekilleriniň arasynda 20-ä golaý resminamalara gol çekildi.

Resminamalara gol çekmek dabarasy tamamlanandan soňra iki ýurduň Döwlet ýolbaşçylary köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler.

Döwlet baştutanlary geçirilen gepleşikleriň barşynda parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnuklylygyň pugtalandyrylmagynyň meselelerine aýratyn üns berilendigini nygtadylar. Taraplaryň halkara terrorçylyga, ekstremizme, serhetüsti guramaçylykly jenaýata, neşe serişdeleriniň bikanun dolanşygyna garşy göreşmek ýaly derwaýys meseleleriň çözgüdinde ikitaraplaýyn formatda we halkara guramalarynyň çygrynda işjeň özara hereket etmek barada ylalaşyk gazanandyklary nygtaldy.

Ýurdumyza resmi saparyny tamamlanyndan soňra, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow Aşgabadyň Halkara howa menziline ugrady, ol ýerden hem öz Watanyna ugur aldy.