«MAGTYMGULY PYRAGY WE TÜRKMEN HALKYNYŇ GARAŞSYZ DÖWLETLILIK TAGLYMATY» ATLY HALKARA MASLAHATY
2021-nji ýylyň 26-njy iýunynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly «Magtymguly Pyragy we türkmen halkynyň garaşsyz döwletlilik taglymaty» atly halkara maslahaty geçirildi.
Türkmenistanyň Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe bagyşlanan bu çärä dünýäniň dürli ýurtlaryndan döwlet işgärleri, meşhur ylmy wekilleri, şeýle hem syýasatşynaslary we taryhçylary gatnaşdylar.
Forumyň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Geldiniýazow Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara maslahatyna gatnaşyjylara iberen gutlagyny okady. Maslahaty Türkmenistanyň Bilim ministri O.Gurbanow alyp bardy.
Forumyň plenar mejlisinde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň rektory Baýramgül Orazdurdyýewa, wideoaragatnaşyk arkaly Azerbaýjan Respublikasynyň Baku döwlet uniwersitetiniň Türkologiýa kafedrasynyň doktoranty Aýnur Matlab kyzy Safarli, Fransiýanyň iki Ylymlar akademiýasynyň agzasy, Pariž Aziýa jemgyýetiniň Filosofiýa we jemgyýetçilik ylymlary institutynyň Syýasat fakultetiniň uly mugallymy, Rio de Janeaneýro federal uniwersitetiniň professory Mirlan Namatow, Hindistanyň Merkezi Aziýany öwreniş merkeziniň müdiri, Kaşmiriň Srinagar uniwersitetiniň Şeýh-ul-alam okuw merkeziniň başlygy G.N.Haki, Hindistanyň Deli uniwersitetiniň professory Sudha Singh, Russiýa Federasiýasynyň Týumen döwlet uniwersitetiniň Sosial ylymlar we gumanitar institutynyň rus dili we umumy lingwistika kafedrasynyň professory-geňeşçisi, Türkologiýa Merkeziniň müdiri Hanisa Alişina, Täjigistan Respublikasynyň Mejlisiniň parlament etikasy boýunça komissiýanyň başlygy Barotzoda Faýzullo, Türkiýe-Türkmenistan dostluk birleşiginiň Magtymguly Ylmy komitetiniň başlygy Abdyrahman Guzel hem-de Özbegistan Respublikasynyň Milli uniwersitetiniň professory, Özbegistanyň Filosofiýa jemgyýetiniň başlygy, Halkara «Filosofiýa we durmuş» žurnalynyň baş redaktory Niginahon Şermuhamedowa çykyş etdiler.
Maslahata gatnaşyjylar Magtymgulynyň özüniň gözel hem-de çuň manyly döredijiligi bilen türkmen we dünýä edebiýatynyň baý hazynasyna ägirt uly goşant goşan beýik pelsepeçidigi barada belläp geçdiler. Şeýle-de beýik şahyryň türkmen halkynyň durmuş mekdebi hökmünde ýurduň özygtyýarlygy we gülläp ösüşi, döwleti dolandyrmagyň kadalary, ylym-bilimi goldamak, rehimlilik, hormat goýmak, jomartlyk, myhmansöýerlik, bitewilik baradaky nesihat beriji goşgulary barada aýratyn bellenildi.
Soňra maslahat öz işini 4 sessiýada dowam etdi. Maslahatyň «Magtymguly Pyragynyň arzuwlan berkarar döwleti» atly birinji sessiýasy we «Magtymguly Pyragynyň şygryýeti – ylham çeşmesi» atly ikinji sessiýasy Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde geçirildi.
«Magtymguly Pyragy we ylym-bilimiň jemgyýetdäki orny» atly üçünji sessiýa Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda geçdi.
Maslahatyň «Ähli göwünleriň, ähli döwürleriň, tutuş ynsan kalbynyň şahyry» atly dördünji sessiýasy bolsa Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde geçirildi.
Sessiýalaryň dowamynda jemi 220-den gowrak çykyşlar diňlenildi.