TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ KITABYNYŇ ITALÝAN DILINDÄKI NEŞIRINIŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY GEÇIRILDI

2021-nji ýylyň 24-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mejlisler zalynda Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitabynyň italýan dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.   

Çärä paýtagtymyzyň ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, professor-mugallymlary we talyplary, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň hem-de halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň redaktorlary we žurnalistleri, daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýurdumyzda akkreditirlenen wekilleri, şeýle-de Italiýanyň wekilleri gatnaşdylar.  

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory J.Gurbangeldiýew, Türkmen döwlet maliýe institutynyň rektory B.Taňryberdiýew, Italiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Luçiano Galli, “Dünýä edebiýaty” žurnalynyň baş redaktory R.Gylyjow, Aşgabat şäheriniň häkiminiň orunbasary, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary dabarada öz çykyşlaryny beýan etdiler.

Şeýle-de çärede Italiýanyň Wiçensa şäheriniň Häkimi Françesko Rukko, Italiýanyň «Valvitaliya» kompaniýasynyň esalandyryjysy, prezidenti Salwatore Rujjeri, Italiýanyň L.E.G.O. s.p.a. neşirýat öýüniň prezidenti Julio Oliwotto, Italiýanyň syýasat biliminiň taryhy boýunça professory Fabio Rujje sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly çykyş etdiler.

Öz çykyşynyň dowamynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory J.Gurbangeldiýew kitapda beýan edilen taryhy, etiki we sosial gymmatlyklar barada aýtdy.    

«Valvitaliya» kompaniýasynyň Prezidenti Salwatore Rujjeri özüniň onlaýn-çykyşynyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň bu kitabynyň italýan halkyna Türkmenistan barada has köp öwrenmäge mümkinçilik berjekdigi hem-de iki ýurduň arasynda halk diplomatiýasyny ösdürmäge ýardam berjekdigi barada belledi.  

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýazan bu işiniň wajyplygy hakynda aýtmak bilen, Italiýanyň syýasat biliminiň taryhy boýunça professory Fabio Rujje kitaby türkmen halkynyň dostluk, batyrlyk, bilimli bolmak we myhmansöýerlik ýaly däbe öwrülen gymmatlyklaryny açýan hazyna gutusyna deňedi.